Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

view-icon 1687
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy dostlarça salamlaşyp, “Arkadag” myhmanhanasynyň eýwanyna bardylar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de BMG-niň baýdagynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Milli Liderimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Antoniu Guterrişi “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlady. Bellenilişi ýaly, beýik şahyryň we akyldaryň diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýäniň nusgawy edebiýatynyň hem ösüşine ýetiren täsiri köpugurly bolup, onuň döredijiligi ençeme ýyllaryň dowamynda köp ýurtlarda düýpli öwrenilýär.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda üstünlikli geçirilen gepleşikler barada aýdyp, olarda üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmek, tutuş adamzat üçin durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge özara gyzyklanma bildirilendigini belledi hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça, hususan-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek meselesinde garaýyşlaryň doly gabat gelýändigini nygtady.

Milli Liderimiz halkara guramalar we BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň dünýäde özara düşünişmegi, ynanyşmagy berkarar etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy howpsuzlygyň bitewi ulgamyny döretmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny goldamakda Türkmenistanyň başlangyçly ornuna ýokary baha berildi. BMG-niň Baş sekretary beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini we içgin öwrenilýändigini belledi.

Belent mertebeli myhman ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty barada aýdyp, onuň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyny belledi. Şeýle hem myhman türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýandygyny we Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýäde barha dabaralanýandygyny nygtady.

Soňra duşuşyk wekiliýetleriň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalaryny mübärekläp, Türkmenistana gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de BMG-niň Baş sekretary bilen ozalky duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Olaryň dowamynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle gatnaşyklaryň hemişe netijeli, birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýe bolandygy bellenildi. Bu dialogyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenildi, ony durmuşa geçirmegiň görnüşleridir gurallary işlenip taýýarlanyldy hem-de kämilleşdirildi.

Gahryman Arkadagymyz BMG-niň ýolbaşçysynyň şahsy goldawyny we düşünişmegini duýýandygyny aýratyn belläp, belent mertebeli myhmany ýurdumyzyň dosty, häzirki zaman ählumumy Gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde pikirdeşi hasaplaýandygyny aýtdy. Häzirki ýönekeý bolmadyk şertlerde Antoniu Gutterişiň Baş sekretaryň jogapkärli wezipesinde özüni Birleşen Milletler Guramasynyň beýik taglymlaryna we gymmatlyklaryna gulluk etmäge bagyşlan ynsan, öz işiniň ussady hökmünde görkezýändigi nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylyk etmeginde BMG-niň işiniň netijeliligini artdyrmaga, häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde onuň ornuny ýokarlandyrmaga ýardam berýän wajyp ädimler ädildi. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň işine ýokary baha berýändigini belläp, saýlanyp alnan ugruň häzirki günüň hakyky ýagdaýlaryna we guramanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň talaplaryna laýyk gelýändigini belledi hem-de BMG-niň hemişe Türkmenistanyň ýardamyna we goldawyna bil baglap biljekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparynyň aýratyn ähmiýetini belläp, oňa Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklarynyň taryhyndaky uly ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny nygtady we saparyň netijeleriniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa täze itergi bermäge, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň soňky wagtda aýratyn işjeň we netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Häzirki wagtda ol uzak möhletleýin durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durmuş-ykdysady ösüş, demokratik institutlary kämilleşdirmek, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. BMG-niň Türkmenistanda işleýän we dürli ulgamlarda wajyp taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirýän ýöriteleşdirilen düzümleridir institutlary bilen gatnaşyklar hem üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistanyň şeýle hyzmatdaşlygy makullaýandygy we BMG-niň berýän goldawyny minnetdarlyk bilen kabul edýändigi nygtaldy.

Hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagy köp babatda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň strategik maksatlarynyň gabat gelmegine özara düşünilmegi, parahatçylyga, adalatlylyga, ösüşe, halkara gatnaşyklaryň binýady hökmünde döwletleriň we halklaryň hukuklaryna hormat goýmaga esaslanýan garaýyşlaryň ýakynlygy bilen şertlendirilendir. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolmagynda galýar.

BMG biziň üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Biz bu düzüme ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy, bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýarys. Biz häzirki günde, dünýäniň dürli sebitlerinde dartgynlylygyň bolup geçýän ýagdaýlarynda BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklaryň hukuk we ahlak daýanjy bolmagynda galmalydygyna berk ynanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Bu şertlerde ählumumy, ygtybarly we uzak möhletleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselesi örän möhüm bolup durýar. Durnukly dünýä gurluşynyň binýatlaryny gorap saklamakda Birleşen Milletler Guramasyna esasy orun degişlidir. Milli Liderimiz şular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň umumy hem durnukly howpsuzlygyň üpjün edilmeginde BMG-niň ornunyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini we bu babatda anyk işleri amala aşyrýandygyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu meselede ýurdumyzyň düýpli garaýyşlary barada aýtmak bilen, bir tarapdan, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän, beýleki tarapdan bolsa BMG-niň Tertipnamasyndaky we esasy halkara hukuk namalaryndaky ýörelgeleri gorap saklaýan täze halkara hukuk mehanizminiň döredilmeginiň munuň üçin sütün esaslarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunda geçen ýylyň sentýabrynda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada öňe süren başlangyjyna üns çekildi. Bu teklip tutuş dünýä üçin möhüm bolan çäreleriň toplumy hökmünde howpsuzlyk meselesinde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak zerurlygyndan gelip çykýar. Bellenilişi ýaly, şeýle mehanizm syýasy, ykdysady, durmuş, energetika, ulag, ekologiýa we ynsanperwer ugurlary, parahatçylyk döredijiligiň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny, gapma-garşylyklary çözmekde bitaraplyk tejribesiniň ulanylmagyny özünde jemlemelidir. Netijeli, deňhukukly, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan dialoga taýýar we ukyply bolmak, häzirki zaman syýasatynda strategik medeniýetiň gaýtadan dikeldilmegi ýokarda agzalan strategiýanyň dünýägaraýyş esasyny düzýär. Hormatly Arkadagymyz şeýle dialogyň ýeke-täk dogry dialogdygyna berk ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky ýurdumyzyň başlangyjynyň goldanyljakdygyna, Howpsuzlyk geňeşi we Baş Assambleýa tarapyndan makullanyljakdygyna bil baglaýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparynyň durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň durmuşa geçirilişiniň barşy barada pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigine üns çekdi. Şunda Türkmenistanyň bu Gün tertibini doly goldap, Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli we anyk çäreleri amala aşyrmaga haýal etmän girişendigi nygtaldy.

Häzirki wagtda DÖM-niň esasy ugurlary, şeýle hem olaryň degişli wezipeleridir görkezijileri Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna, beýleki konseptual resminamalara sazlaşykly ornaşdyryldy. Maksatnamanyň ykdysady bölegine Durnukly ösüş maksatlarynyň ornaşdyrylmagy ilaty elýeterli, ygtybarly we döwrebap usulda energiýa bilen üpjün etmäge, durnukly ykdysady ösüşe, raýatlary iş orunlary bilen doly üpjün etmäge, köpugurly infrastrukturany döretmäge, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, innowasiýalary goldamaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagynyň durmuş ugurly häsiýete eýedigi nygtaldy. Gürrüň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we ilatyň azyk önümleriniň hiliniň ýokarlandyrylmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegi, ähli zenanlar üçin hukuklaryň we mümkinçilikleriň kepillendirilmegi arkaly gender deňliginiň üpjün edilmegi, hemmeleriň ýokary hilli bilim almagy üçin şertleriň döredilmegi ýaly möhüm ugurlar barada barýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda milli meýilnamalary ýerine ýetirmäge girişmek bilen, olaryň Durnukly ösüş maksatlarynyň ekologik ugurlaryna laýyk gelmegine jogapkärçilikli çemeleşýär. Şunda önümçilikde, senagat, durmuş infrastrukturasynyň gurluşygynda daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsirleri peseltmäge mümkinçilik berýän döwrebap usullaryň netijeli ornaşdyrylmagy biziň üçin ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Türkmenistan halkara bileleşigiň parnik gazlarynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalaryny goldap, şol zyňyndylaryň aglaba bölegini döredýän senagatda, nebitgaz, energetika we ulag pudaklarynda ekologik taýdan arassa hem-de serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga geçýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň dowamynda Durnukly ösüş ulgamynda ählumumy maksatnamalaryň we strategiýalaryň talabalaýyk maliýeleşdirilmeginiň üpjün edilmegini möhüm hasaplaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin serişdeleri utgaşdyrmagy we herekete getirmegi maliýeleşdirmek boýunça Hereketleriň Addis-Abeba maksatnamasynyň çözgütleriniň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek maksady bilen, ösüşi maliýeleşdirmek boýunça nobatdaky halkara maslahaty guramagyň maksadalaýykdygyna üns çekildi. Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň amala aşyrylyşyna syn bermek işinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de Ykdysady we Durmuş geňeşiniň, utgaşdyryjy ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumlaryň yzygiderli geçirilmegini goldaýandygy nygtaldy.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogyň çäklerinde ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan bu gurama bilen bilelikde ylym-bilim, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak babatda maksatnamalaryň we taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirýär.

Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň taryhy-binagärlik ýadygärlikleriniň — Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Parfiýanyň Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilmegi köpýyllyk bilelikdäki işiň möhüm netijeleridir. Umuman, Türkmenistanyň hödürnamasy esasynda maddy däl medeni gymmatlyklaryň 9-sy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şolaryň hatarynda türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri hem bar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde 1500-den gowrak taryhy-medeni ýadygärlik ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.

Şu ýyl bellenilip geçilýän beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bütindünýä ähmiýetli waka öwrüldi. Şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi, Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bolsa 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň gatnaşmagynda bellenilýän şanly seneleriň sanawynda orun aldy. Şeýle hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde şu ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylyň şanly wakalary barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekdi. Baş Assambleýa tarapyndan biragyzdan goldanylan bu möhüm ähmiýetli çözgüt degişli Kararnama bilen berkidildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bu başlangyjy dünýäniň ähli döwletlerine adamzadyň ykbaly babatda öz jogapkärçiligini duýmaga, artýan gapma-garşylyklary, ylalaşyksyzlygy aradan aýyrmaga, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny seljermäge, oňa taryhy we geljegiň nukdaýnazaryndan garamaga gönüden-göni çagyryş bolup durýar.

Biziň çagyryşymyz eşidilmelidir! Çünki parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy, ilkinji nobatda, ählumumy ähmiýete eýedir. Oňa hemişe isleg bildirilýär, ol oňyn häsiýetdedir. Ol ählumumy ösüşiň we abadançylygyň gysga möhletleýin däl-de, hakyky talaplaryna laýyk gelýär. Şu nukdaýnazardan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly onuň düýp mazmunyny emele getirýän giň dünýägaraýşy, ynsanperwer ýörelgeleri şöhlelendirýär hem-de olaryň esasy maksatlaryny durmuşa geçirýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, garaýyşlary ýakynlaşdyrmaga, parahatçylyk gün tertibini tassyklamaga, uzak möhletleýin geljege gönükdirilen oňyn meýilleri kemala getirmäge ýardam berýän kuwwatly döredijilik guralyna öwürmegiň ählumumy wezipe hasaplanýandygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyryp, BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde meýilleşdirilýän bilelikdäki işiň başlangyjy hökmünde garamagy teklip etdi. Bu saparyň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna, bütin dünýäniň halklarynyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine oňyn netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirildi. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň halkara bileleşik tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur syýasy many bar diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

Biz Bitarap döwlet bolmak ugrundaky maksadymyzyň hut Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durmuş hakykatyna öwrülendigine we dünýä jemgyýetçiliginiň ähli agzalary tarapyndan ykrar edilendigine buýsanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Şunda Türkmenistanyň öz Bitaraplygyna giň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, bar bolan meseleleri, gapma-garşylyklary parahatçylyk, syýasy-diplomatik gurallar bilen gepleşikler geçirmek arkaly kadalaşdyrmagyň hem-de çözmegiň şerti hökmünde garaýandygy aýratyn bellenildi. Şeýle-de ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ählumumy ösüşe we abadançylyga, BMG-niň strategik görkezmelerini, maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilendigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan üçin iki sene — Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge ygrarlylyk, halkara hukuga hormat goýmak BMG-niň Tertipnamasynyň ruhunyň we mazmunynyň beýanydyr. Bu ýörelgeler, biziň pikirimizçe, dünýäniň häzirki gurluşynyň möhüm talabyna, onuň yzygiderli, döredijilikli ösüşiniň, asuda geljeginiň üýtgewsiz hem-de esasy şertine öwrülýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüniň ahyrynda BMG-niň Baş sekretaryny uly hormat bilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geljek ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň bu baýramy tutuş halkara bileleşik, ýurdumyzyň köp sanly dostlary, hyzmatdaşlary we pikirdeşleri bilen bilelikde bellejekdigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz oňa Antoniu Gutterişiň gatnaşmagynyň ýurdumyz we türkmen halky üçin uly hormat boljakdygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemläp, belent mertebeli myhmana şu gezekki sapary hem-de ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin ýene bir gezek çuňňur minnetdarlyk bildirip, şeýle çemeleşmä ýokary baha berýändigini, umumy maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda bilelikde işleşmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Soňra belent mertebeli myhmana söz berildi. BMG-niň Baş sekretary çykyşynyň başynda Aşgabatda mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, bu ýokary sylag üçin hoşallyk bildirdi.

Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň BMG tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylýandygyny hem-de hormatly Prezidentimiz bilen geçirilen duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, hususan-da, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu ýylyň uly wakalara beslenjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ulag ulgamy boýunça öňe sürlen, halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlaryň we teklipleriň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Bu teklipler deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin örän möhümdir. Ýurduň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin öňe süren başlangyçlary hem wajyp ähmiýete eýedir. Türkmenistan bu ugurda netijeli işleri alyp barýar.

Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda ählumumy wehimlere, hususan-da, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça meselä aýratyn üns çekendigini aýtdy. BMG-niň ýolbaşçysy her bir ýurduň özboluşly medeniýete, däp-dessurlara we taryha eýedigini aýdyp, Türkmenistanyň milli medeni mirasyny gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýändigini hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ugurda amala aşyrýan işleriniň hormata mynasypdygyny belledi.

Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň BMG tarapyndan hemişe uly goldawa eýe boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Aşgabatda mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

* * *

Aşgabat, 7-nji iýul (TDH). Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza sapary tamamlandy. Belent mertebeli myhmany paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ugratdy.

Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalar hem-de BMG-niň düzüm birlikleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy netijeli häsiýete eýedir. Ýurdumyzyň dünýäde özara düşünişmegi, ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary halkara jemgyýetçilik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

BMG-niň Baş sekretary bildirilen myhmansöýerlik hem-de geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeliligi üçin hoşallyk bildirdi hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň gözel keşbiniň, ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Belent mertebeli myhman Bitarap Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygyny aýdyp, netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ak ýol arzuw etdi.