Ï Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi

view-icon 7099
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn günüň ikinji ýarymynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda ähli halklaryň deňligi we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde halkara gatnaşyklary utgaşdyrýan edara hökmünde bu iri guramanyň abraýyny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär.

Türkmenistan BMG-ä we onuň ýöriteleşdirilen düzümlerine ählumumy gatnaşyklar ulgamynyň sütüni, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň bu düzümiň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu bolsa bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk, özara hormat goýmak diplomatiýasyny ilerletmek, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna hem-de birnäçe komissiýalarynyň, komitetleriniň, geňeşleriniň agzalygyna ençeme gezek saýlanylmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplady hem-de häzirki wagtda BMG-niň Merkezi Aziýa sebitindäki ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen ýurdumyzyň Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ugurlaryny we mazmunyny kesgitledi, sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge, içerki ösüşi höweslendirmäge, milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Bitaraplyk syýasatynyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge gönüden-göni ýardam edýändigini iş ýüzünde tassyklan türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi hem tötänden däldir. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidildi. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça beýleki köp sanly Kararnamalaryň, şol sanda 2022-nji ýylda kabul edilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamalaryň öňbaşçysy boldy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjyna häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde garalýar. Bu başlangyç BMG-niň Baş sekretarynyň parahat dünýäni gurmak üçin Täze gün tertibini kemala getirmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşýar. Ýola goýlan netijeli dialog bilelikdäki işiň köpýyllyk oňyn tejribesine daýanyp, ýylsaýyn çägini barha giňeldýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze başlangyçlaryny beýan etdi. Şol başlangyçlar dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.

Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen dürli ugurlar boýunça, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmek ýaly möhüm ulgamlarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. BMG bilen uzak möhletli, netijeli häsiýete eýe bolan gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu resminama ýurdumyzyň milli bähbitlerini we durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda işleýän edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär.

...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan duşuşygy irden paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirildi. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy salamlaşyp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baýdagynyň öňünde surata düşdüler.

Soňra hormatly Prezidentimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda tüýs ýürekden mübärekläp hem-de ýurdumyza sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmekdäki şahsy tagallalary üçin hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan syýasy, ykdysady, daşky gurşaw, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin Milletler Bileleşigi hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alnyp barylýan gatnaşyklary has-da berkitmegi maksat edinýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine ünsi çekdi. Şeýle hem 2025-nji ýylda şanly wakalaryň birnäçesini, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny belläp geçeris. Bu şanly seneleriň biri-biri bilen berk baglanyşyklydygyny bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent maksatlaryny durmuşa geçirmekde bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýene-de Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, ol BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary bolan döwründe hem ýurdumyz bilen ysnyşykly işleşdi.

Myhman türkmen tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we uzak möhletleýinlik, özara hormat goýmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň çemeleşýändigine ýokary baha berip, Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtady.

Ýurdumyzyň raýatsyzlygyň öňüni almaga hem-de azaltmaga degişli meseleleri çözmekdäki uly tagallalary üçin aýratyn hoşallyk bildirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde bu ählumumy ynsanperwer ugurly meseläni çözmekde möhüm orny eýelemegini dowam etdirip, bu babatda nusgalyk görelde bolup biler. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde XXI asyryň ählumumy wehimlerini — migrasiýa we raýatsyzlyk bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalardyr taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi.

Aşgabat şäheri birnäçe gezek iri forumlaryň, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatyň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu maslahata abraýly halkara we sebit guramalarynyň 40-dan gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.

Baş sekretar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki uly üstünliklerini kanagatlanma bilen nygtap, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine öz parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çalyşýan türkmen tarapynyň möhüm halkara başlangyçlarynyň we köpugurly işiniň ähmiýetini aýratyn belledi.

Soňra gepleşikler uly mejlisler zalynda iki tarapyň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi we wekiliýetiň agzalaryny Türkmenistanda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu sapara Türkmenistanyň BMG bilen ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gatnaşyklarda täze tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi.

Şu günki duşuşyk Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň toplumlaýyn strategik dialogynyň dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Onuň esasy kesgitleýji häsiýeti bu guramanyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýändiginden ybaratdyr. Bu maksatlar bolsa parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gazanmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge çalyşmakda öz beýanyny tapýar. Dünýä syýasatynda ykrar edilen halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen kadalary tassyklamagy öz içine alýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň oýlanyşykly saýlap alan ýoludyr. Munuň özi Bitarap döwlet hökmünde biziň dünýä bileleşiginiň öňündäki borçnamalarymyzdan, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly ýollar bilen çözmegi öňe sürýändigimizden gelip çykýar. Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňden ýola goýdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda guramanyň dürli edaralary işleýär. Olar BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirligidir. Sebitiň ähli döwletleriniň goldamagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň çözgüdi bilen 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda bu guramanyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Şeýle hem ýurdumyzda BMG-niň ulgamyna girýän düzüm hökmünde Bütindünýä bankynyň we Halkara Migrasiýa Guramasynyň wekilhanalary işleýär. Olaryň ählisi biziň Hökümetimiz bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de Türkmenistany ösdürmäge uly goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda işleýän işgärlerine hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — BMG strategik dialogynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, ählumumy howpsuzlyga, sebit ýagdaýlaryna, durnukly ösüşe, ynsanperwer meselelere üns berilmelidigini nygtady. Häzirki şertlerde dartgynly ýagdaýlaryň öňüni almaga we dialog üçin mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen anyk çäreleriň görülmegi zerurdyr. Bu ugurda gatnaşyklaryň yzygiderli usullaryny ýola goýmak möhümdir. Şeýle gatnaşygyň esasyny halkara hukugyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary düzmelidir.

Türkmenistan jogapkär döwlet hökmünde geçen ýylyň sentýabrynda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi. Biziň döwletimiz öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmagy, gapma-garşylykly ýagdaýlary duýdurmagy we olara ýol bermezligi bu resminamanyň esasy düzgünleriniň biri hökmünde görýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli bölümleri, edaralary we institutlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Biz sebit ugry boýunça hyzmatdaşlykda hem uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Häzirki döwürde Merkezi Aziýa dünýä geosyýasatynyň we energetikasynyň has ähmiýetli merkezine, ulag çatrygyna öwrülýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan sebitde pugta parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin öz wezipelerini aýdyň görýär. Merkezi Aziýada döwletara hyzmatdaşlygyň dürli gurallary ýola goýuldy. Şolaryň esasylarynyň biri hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birnäçe ýyl mundan ozal döredilen konsultatiw duşuşyklary bolup durýar.

Sebit howpsuzlygy nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berýär. Owganystan biziň iň ýakyn goňşymyz, doganlyk ýurdumyzdyr. Döwletimiz Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirer, owgan halkyna geljekde-de ynsanperwerlik kömegini berer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň öňe süren Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň we beýleki ençeme iri halkara energetika, ulag taslamalarynyň Owganystanda ykdysady, durmuş ýagdaýyny düýpli gowulandyrjakdygyna ynam bildirip, biz bu taslamalaryň üstünde işlemegi geljekde hem dowam ederis. Biz Owganystan meselesinde merkezi utgaşdyryjy orun Birleşen Milletler Guramasyna degişli bolmalydyr diýip hasap edýäris. Bu işde Türkmenistan oňa ähli zerur kömegi bermäge taýýardyr diýip belledi.

Durnukly ösüş Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde möhüm we ileri tutulýan meseledir. Biziň ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan milli ugurlaryny gazanmak boýunça yzygiderli iş alyp barýar. Bu bolsa “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynda” beýan edildi. Şu ýylyň maýynda «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň täzelenen düzüminiň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisde “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” işläp taýýarlamak boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi.

Türkmenistanyň «Gün tertibi — 2030-a» milli derejede hem, halkara tagallalar babatda hem işjeň gatnaşýandygyny aýratyn bellemek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň Ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda Türkmenistanyň teklibine BMG-niň Baş sekretarynyň ünsüni çekdi. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz bu başlangyjy şu ýylyň fewralynda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu maksatnamany durmuşa geçirmekde BMG-niň goldaw berjekdigine ynam bildirdi.

Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek hem ileri tutulýan meseledir. Ol anyk çözgütleri talap edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça ministrler derejesindäki maslahaty çagyrmagy teklip edýär. Maslahata halkara maliýe institutlary bolan Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy we beýleki edaralar çekilse, maksadalaýyk bolar.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselelerinde hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berýär. 2016-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulan döwletimiz ählumumy howa gün tertibini durmuşa geçirmäge doly derejede gatnaşmaga girişdi. Merkezi Aziýada howa meselesi boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň aýratyn üns bermegi kanunalaýykdyr. Biziň ýurdumyz anyk ädim hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde ýöriteleşdirilen düzümi, ýagny Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegiň üstünde işleýär. Eýýäm bu ugurda käbir işler ýerine ýetirildi. Biz ýakyn wagtda ylalaşyk gazanmak hem-de Türkmenistanda bu merkezi döretmegiň guramaçylyk meselelerine başlamak üçin BMG-niň degişli düzümleriniň ýardam bermegine bil baglaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýada suw hem-de Aral deňzini halas etmek meselesini aýratyn tapawutlandyrýarys. Türkmenistan bu meselede, ilkinji nobatda, üç ýagdaýa eýermegiň zerurdygyndan ugur alýar. Anyk aýdylanda, ähli meseleler halkara hukugyň kadalary esasynda, ýagny sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini berjaý etmek bilen, BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň gatnaşmagynda seredilmelidir we çözülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Aral meselesi boýunça Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlady. Bu resminama resmi taýdan Merkezi Aziýa ýurtlaryna iberildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy 2023-nji ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek bilen bagly Kararnamany kabul etdi. Biz bu maksatnama köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek üçin hem-de içerki suw howdanlary boýunça ýurtlaryň geljekdäki başlangyçlaryna esas bolar diýip hasap edýäris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, ulag we energetika biziň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygymyzyň strategik ugurlarydyr. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ulag meselesi boýunça Baş Assambleýanyň 8 sany Kararnamasy, energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hem 3 Kararnamasy kabul edildi. BMG-niň howandarlygynda 2016-njy ýylda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi. Biziň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada hem täze, möhüm başlangyçlarymyz bar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýdyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlarynyň ýene biri Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde, ençeme beýleki ugurlarda BMG-niň jogapkär edaralary we guramalary bilen ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen baglydygyna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda ynsanperwer ugurly birnäçe iri halkara forumlar geçirildi. Şolaryň netijeleri milli derejede möhüm çözgütleri kabul etmek üçin esas boldy. Mysal üçin, soňky ýyllarda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 30 müňe golaýy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. 2024-nji ýylda Türkmenistanda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebit maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz raýatlyk meselelerini çözmekde Antoniu Guterrişiň uly şahsy goşant goşýandygyny belledi we munuň üçin oňa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmiti gowulandyrmak hem möhüm meseleleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýokary derejede halkara azyk forumyny çagyrmagy teklip edýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy we bu başlangyjyň goldanyljakdygyna ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogy ösdürmäge we giňeltmäge berk eýerýändigini hem-de taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyza berýän goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparynyň möhüm waka öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Soňra belent mertebeli myhmana söz berildi. BMG-niň Baş sekretary Aşgabatda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän iri halkara guramasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşy bolup durýar.

Antoniu Guterriş hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen ählumumy Gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge goldaw berýändigi üçin aýratyn hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň  ulag, energetika, daşky gurşawy goramak we beýleki köp ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň we teklipleriniň möhüm ähmiýetini nygtady.

Ýokary tehnologiýalar asyrynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheriniň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu şäher Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

BMG-niň Baş sekretary ähli esasy ugurlarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň üstünlige eýe bolýandygy barada aýdyp, ýurduň uly syýasy ýeňşi bolup durýan, onuň sebitdäki liderlik ornuny şertlendirýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, has takygy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlardyr hyzmatdaşlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, beýleki halklara, olaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de öňüni alyş diplomatiýasy bilen baglylykda iş ýüzünde amala aşyrylýar.

Aşgabatda iri halkara forumlaryň we duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk medeniýetini, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Häzirki zaman şertlerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, bütin dünýäde howpsuzlygyň we durnuklylygyň esaslaryny berkitmegiň täsirli guraly hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Antoniu Guterriş Birleşen Milletler Guramasynyň türkmen tarapynyň goňşy Owganystanda ykdysady taýdan durnuklylygy üpjün etmäge, parahatçylygy dikeltmäge ýardam bermek babatdaky  döredijilikli başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.

Guramanyň ýolbaşçysy BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm ornuny belläp, ýurdumyzyň Hökümetine bu düzümiň işine, onuň syýasy diplomatik dialogy ilerletmek, gapma-garşylyklaryň öňüni almak we sebitde ynanyşmak ýagdaýyny berkarar etmek boýunça tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň suw meselesine, howanyň üýtgemegine, umuman, ekologiýa ulgamynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli tekliplerini goldaýandygyny aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary türkmen tarapynyň Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak başlangyjyny goldady. Bu merkez sebitiň ýurtlarynyň degişli düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga we howanyň üýtgemeginiň täsirine bilelikde uýgunlaşmaga ýardam eder.

Antoniu Guterriş adamzadyň umumy ösüşiniň barşyna täsirini ýetiren Merkezi Aziýanyň ägirt uly mümkinçilikleri barada aýdyp, sebitiň ähli ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady hem-de BMG-niň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Biz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna we onuň halkara bileleşigiň häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak boýunça ählumumy tagallalaryna işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berýäris diýip, belent mertebeli myhman nygtady hem-de BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmaga ygrarlydygyny beýan edendigini hem-de bu ulgamda dünýä bileleşigi bilen tagallalaryny birleşdirmäge taýýardygyny subut edendigini ýatlatdy.

Baş sekretar BMG-niň strategiýasyny goldaýandygy, şeýle hem myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynda uly işleri alyp barýandygyna, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyna ýokary baha berdi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik söz ussadynyň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilendigini aýdyp, bu medal bilen ilkinji gezek Antoniu Guterrişi sylaglamak barada karara gelendigini hem-de degişli Permana gol çekendigini we şu gün bu medaly uly höwes bilen gowşurjakdygyny aýtdy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda bu medal BMG-niň Baş sekretaryna dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Antoniu Guterrişe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli döredilen sowgatlyk nyşany we “Magtymguly” kitabyny sowgat berdi.

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy hormat-sarpa üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň ajaýyp şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleriniň ähmiýetini nygtady. Nusgawy şahyr öz goşgulary arkaly tutuş dünýäde agzybirlige, dostluga, ynsanperwerlige, parahatçylygyň dabaralanmagyna çagyrypdyr. Munuň özi BMG-niň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýär. Ajaýyp söz ussadynyň baý döredijiligi, filosofik mirasy diňe bir türkmen halkynyň milli baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä edebiýatynyň hem aýrylmaz bölegi bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Antoniu Guterriş Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek işinde işjeň orny eýeleýändigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň möhüm halkara başlangyçlaryny ilerletmekde mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Geljegiň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň ýolbaşçylaryna hem-de işgärlerine ýola goýlan netijeli dialog üçin sagbolsun aýtdy we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine däp bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Şeýlelikde, şu günki duşuşyk Türkmenistan — BMG görnüşindäki strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň maksatlary we wezipeleri babatda täze bilelikdäki taslamalarydyr maksatnamalary işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge kuwwatly itergi berjekdigi şübhesizdir.

* * *

Günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine baryp gördi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda, goňşy ýurtlaryň we Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda 2007-nji ýylda Aşgabatda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak babatda netijeli çözgütleri gözlemekde BMG-niň ulgamynyň sebit ýurtlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary üçin netijeli meýdança hökmünde özüni görkezdi. Türkmenistan merkeziň işini we başlangyçlaryny, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň, oňa golaýdaky ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmekdäki tagallalaryny işjeň goldaýar.

Häzirki wagtda bu merkez sebitde ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmakda, onuň giňişliginde durnuklylygy, netijeli gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Onuň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda suw-energetika, ählumumy ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmak, halkara terrorçylyga, beýleki howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek, durmuş-ykdysady, ekologik meseleleri görkezmek bolar. Merkezi Aziýa döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň binýadynda özara gatnaşyklaryň täze formatlary, şol sanda Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy we beýlekiler döredildi hem-de üstünlikli hereket edýär.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalaryň ikisiniň kabul edilmegi merkeziň mümkinçilikleriniň, onuň giň gerimli işiniň halkara hukuk esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etdi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, durmuşa geçirýän daşary syýasy ugrunyň netijeli häsiýete eýediginiň, öňüni alyş diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetiniň we derwaýysdygynyň, BMG-niň ýörite syýasy missiýalarynyň parahatçylygy üpjün etmek ulgamyndaky wajyp ornunyň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş merkeze baryp görende, onuň işine ýokary baha berdi, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň we teklipleriniň ähmiýetini aýratyn belledi. Şol başlangyçlar sebit hem ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, islendik gapma-garşylykly ýagdaýlary diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmaga gönükdirilendir.

Dünýäniň iň iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine baryp görmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň diplomatiýa ugry boýunça bilim alýan talyplary bilen duşuşdy.

Belent mertebeli myhman saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyna baryp gördi we şol ýerde guramanyň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň işgärleri bilen duşuşdy, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň ýurdumyzda işleýän agentlikleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri ýygnandylar.

Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde dabaraly sazyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy belende galdyrylýar.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlygynyň nusgalyk häsiýete eýedigini belledi. Çykyşda nygtalyşy ýaly, Bitaraplygy öz syýasatynyň binýatlaýyn strategiýasy hökmünde kabul eden Türkmenistan BMG-niň alyp barýan işinde möhüm orun eýeleýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlary hem ony BMG-niň işinde has ähmiýetli ýurtlaryň birine öwürýär.

Birleşen Milletler Guramasy bu ýerde işleýändigine hem-de Türkmenistanyň durmuşa geçirýän ösüş syýasatyny goldaýandygyna buýsanýar diýip, iri halkara guramanyň ýolbaşçysy nygtady. Antoniu Guterriş berilýän hemmetaraplaýyn kömek we goldaw, netijeli işlemek babatda  döredilýän şertler, hususan-da, ýene-de bir edara binasynyň berilmegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, onuň BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanasyna türkmen Hökümeti bilen parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbidine ähli ileri tutulýan ugurlarda el-ele berip işlemäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Biz bu ýerde türkmen halkyna hyzmat etmek üçin iş alyp barýarys diýip, Baş sekretar nygtady we Birleşen Milletler Guramasynyň röwşen geljegiň ýolunda Türkmenistany, onuň Hökümetini hem-de halkyny goldamak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda belent mertebeli myhman toý bagyny kesýär we BMG-niň täze edara binasynyň içine girýär. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy türkmen paýtagtynyň günorta böleginiň binagärlik keşbi bilen aýratyn sazlaşyk döredýän binany synlap, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu ýerden ugrady.