Ï Paýtagtymyzdaky “Mirap” myhmanhanasy BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasyna berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzdaky “Mirap” myhmanhanasy BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasyna berildi

view-icon 3083

Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de olaryň ýurdumyzyň çäginde işleri alyp barmagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň garamagyndaky önümçilik myhmanhanalar toplumynyň hasabynda duran “Mirap” myhmanhanasynyň binasy oňa ýanaşyk ýerler bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasyna berildi.