Ï Inçekeseli bejermek boýunça halkara okuw Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň mümkinçiliklerini artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Inçekeseli bejermek boýunça halkara okuw Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň mümkinçiliklerini artdyrýar

view-icon 3286
Inçekeseli bejermek boýunça halkara okuw Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň mümkinçiliklerini artdyrýar

Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) inçekesele garşy göreşmekde we näsaglara ideg etmekde möhüm ädim hökmünde BSG-niň tekliplerine hem milli görkezmelere laýyklykda, «Inçekeseli, RR-inçekeseli we inçekesel ýokançlygyny bejermek» mowzukly bäş günlük halkara okuw geçirdi.

Okuw Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýokanç keseller merkezleriniň müdirliginiň ftiziatr hünärmenleri, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň (TDLU) inçekesel bölüminiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Bu okuwy BSG-niň Ýewropa geňeşçileri professor Alýona Skrahina we doktor Elmira Gurbanowa alyp bardy.

Okuwa gatnaşanlar dürli mowzuklary ara alyp maslahatlaşdylar, şol sanda:

– Inçekeseli we inçekesel ýokançlygyny anyklamagyň täze usullary;

– Çagalarda we ulularda derman serişdesine duýgur inçekeseli (DS-TB) we rifampisine çydamly inçekeseli (RR-TB) bejermegiň usullary;

– DS-TB we RR-TB bejermegiň gysga rejesi ulanylanda ýüze çykýan kliniki ýagdaýlar.

Okuwa gatnaşanlar RR-inçekeseli bejermek we ýiti böwrek ýetmezçiligi, miýelosuppressiýa, psihiki näsazlyklar, Clostridioides diffile, görüş nerwiniň newriti we töwerekleýin neýropatiýa bilen baglanyşykly kliniki ýagdaýlary öwrendiler.

Halkara okuw saglygy goraýyş işgärlerine bilimlerini, başarnyklaryny artdyrmak üçin gymmatly mümkinçilik boldy we hyzmatdaşlyga hem MDR-inçekeseli bejermek strategiýalaryny öňe sürmäge goşant goşdy.