Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

view-icon 1689

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň halkyny musulman ymmatynyň beýik baýramy bolan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Bu baýram hoşniýetliligiň, rehimdarlygyň nyşany hökmünde musulmanlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Goý, biziň jebisligimiz we ruhy bitewüligimiz has-da pugtalansyn!

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size bagtyýarlyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Gurban baýramyňyz gutly bolsun!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.