Ï Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler

view-icon 3286
Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler

Ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistika düzümini, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny kemala getirmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berýär.

Geografiki taýdan örän amatly ýerleşýän, sebitde we yklymda möhüm üstaşyr-ulag geçiriji merkez hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan Türkmenistanyň bu ulgamda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine ugrukdyrylandyr. Şu maksat bilen, Berkarar Diýarymyzda hereket edýän awtomobil ýollary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýurt we halkara möçberinde täze demir ýol ulgamlary, Halkara howa menzilleri gurulýar we deňiz portunyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda beýleki ulag ulgamlary bilen birlikde demir ýol we awtomobil ulaglarynyň aýratyn orna eýedigini belläp geçmek möhümdir. Bu barada gürrüň edilende häzirki zaman demir we awtomobil ýollary bilen birlikde dünýäniň iň uly we bol suwly, joşgunly derýalarynyň biri bolan Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň ähmiýeti barada söhbet etmek wajypdyr.

Amyderýanyň üstünden demir ýol köprüsini gurmagyň taryhy tejribesi öz gözbaşyny ХIХ asyryň ikinji ýarymyndan alyp gaýdýar. 1886-njy ýylyň noýabr aýynyň 29-na Çärjewe ilkinji demir ýol ulagy gelýär. Amyderýadan Buhara, ondan soňra Samarkanda çenli demir ýol üçin gurluşyk materiallaryny Jeýhunyň üstünden gämilerde geçirip, aňry alyp gitmek gurluşyk işlerini bökdäpdir. Şonuň üçin hem derýanyň üstünden wagtlaýyn hem bolsa köpri gurmak barada karara gelinýär. Şonuň netijesinde 1887-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda wagtlaýyn agaç köpriniň gurluşygyna girişilipdir. 1888-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Amyderýanyň üstünden geçýän ilkinji köpriniň gurluşygy tamamlanyp, ondan ilkinji demir ýol ulagy geçirilýär. Bu wagtlaýyn köpri 13 ýyldan gowrak wagt ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen köprüde jaýryklaryň döremegi we artmagy netijesinde, onuň üstünden gatnaw togtadylypdyr. Hut şonuň üçin hem berk, ygtybarly köprini gurmaklygyň zerurlygy ýüze çykypdyr. Amyderýa ýaly çalt we towlanyp akýan derýanyň üstünden dünýä derejesinde köpri gurmak tejribesiniň ýokdugyna garamazdan, düýpli taýýarlyk işlerinden soňra, 1898-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda derýanyň üstünden hemişelik hereket etjek köpriniň gurluşygy başlanýar. Işçi-gullukçylaryň 3000-den gowragynyň gatnaşmaklarynda gurluşygy dowam eden bu köpri 1901-nji ýylyň 27-nji maýynda gurlup gutarylypdyr we resmi ýagdaýda açylyp, ondan ilkinji demir ýol ulagy geçirilipdir. Bu köpriniň 100 ýyldan gowrak hyzmat edendigini belläp geçmek bolar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň, döwletimiziň milli bähbitlerinden gözbaş alýan, häzirki zamanyň ösen tehnologiýasy esasynda Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň birnäçesi gurlup ulanylmaga berildi. 2009-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda ägirt uly inženerçilik çözgütleri talap edýän Kerki-Kerkiçi demir ýol köprüsi gurlup, dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylyşa girizildi. Taryhy we ägirt uly ykdysady ähmiýetli bu köpriniň gurluşygyna 600-den gowrak adam gatnaşyp, tutanýerli zähmet çekdiler. Köpriniň gurluşygyna 16 müň 600 tonna metal gurnamalaryň, 98 müň kub metr demir-betonyň sarp edilendigini aýtmak, onuň tutumynyň juda uludygyna we berkdigine şaýatlyk edýär. Köpriniň golaýynda kenar berkidiş işleriniň amala aşyrylmagy, seýsmiki durnuklylygyň göz öňünde tutulmagy ulag howpsuzlygyny doly üpjün etmäge gönükdirilendir. Kerki-Kerkiçi demir ýol köprüsiniň ulanylmaga berilmegi ýükleri daşamagyň bahasynyň 3-5 esse kemelmegini üpjün etdi. Derýanyň sag kenarynda bar bolan ägirt uly baýlyklary döwletimiziň, halkymyzyň bähbidine peýdalanmak babatda bu köprä möhüm orun degişlidir. 2013-nji ýylyň 14-nji fewralynda Amyderýanyň üstünden gurlan Kerki-Kerkiçi awtomobil köprüsi hem ulanylmaga berildi. Bu köpriniň hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmekligi üçin täze strategiki ulag geçirijä öwrülendigini buýsanç bilen belläp geçmek bolar.

1901-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen öňki demir ýol köprüsiniň gurluşygynyň käbir serişdeleriniň könelip başlandygy sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýyldaky Karary bilen Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprülerini gurmak barada çözgüt kabul edilýär. Bu möhüm we örän jogapkärli taslamany amala aşyrmak bolsa, Ukrainanyň «Altkom» kompaniýasyna ynanylýar. Diňe bir biziň döwletimiz däl, eýsem, sebit derejesinde hem juda möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleri 2017-nji ýylyň mart aýynyň 7-sinde resmi taýdan dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Uzynlygy 1 müň 750 metre barabar bolan Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsi agyr ýükleri göteriji demir ýol ulaglary üçin niýetlenendir. Demir ýol köprüsi derýanyň 40 metr çuňlugyndan başlanýan 1,5 metr diametri bolan demir-beton daýançlaryň üstünde durýar. Daýançlar suw sürtülmesinden goralmak üçin aýnapoliefir turbalary bilen örtülendir. Bu köpriniň aşagyndan gämi gatnawyny amala aşyrmak üçin 60 metr aralyk we 10 metr beýiklik goýlandyr. Derýanyň iki kenarynda hem kenar berkidiş işleri geçirilip, ol suwuň islendik derejesinde hem bu desgany goramaklyga ukyplydyr. Demir ýol köprüsiniň 450 metr aşak tarapynda gurlan 4 hatarly ýol bölegi, 21,5 metr ini bolan döwrebap Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsiniň hem ýurt we sebit derejesinde ykdysady we medeni-durmuş taýdan örän uly ähmiýeti bardyr. Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler diňe bir Berkarar döwletimiziň däl, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýeti, doganlyk gatnaşyklary üçin hem ägirt uly ähmiýete eýedir. Ynsanperwer, parahatsöýüjilikli dost-doganlyk ýörelgeler bolsa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň daşary syýasatynyň özenidir. Köprüler ýollary, ýollar bolsa illeri birleşdirýär. Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler bu ýörelgeleri özünde jemleýän rowaç işlere badalgadyr.