Ï KHBS üçin maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

KHBS üçin maglumat

view-icon 3131
KHBS üçin maglumat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly habary Türkmenistanda uly howatyrlanma bilen kabul edilendigi barada habar berýär.

Türkmen tarapy güýç ulanmak boýunça bu hereketi aýgytly ýazgarýar we Donald Trampa tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýär.

Türkmenistan terrorçylygyň ähli görnüşleriniň ýüze çykmasyna we jemgyýetde dartgynlygy döredýän syýasy süteme garşy göreşmek boýunça halkara tagallalarynyň işjeň gatnaşyjysy bolup çykyş edýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy

2024-nji ýylyň 14-nji iýuly