Ï Şu hepde ýurdumyzda garaşylýan howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şu hepde ýurdumyzda garaşylýan howa barada maglumat

view-icon 4318
Şu hepde ýurdumyzda garaşylýan howa barada maglumat

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň birnäçe welaýatlarynda hepdäniň ikinji ýarymynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Aşgabatda hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +22... +24 gradusdan +26... +28 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +34... +36 gradus maýyldan +38... +40 gradusa çenli yssy bolar.

Ahal welaýatynda hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus maýyldan +36... +41 gradusa çenli yssy bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +34... +39 gradusa çenli yssy bolup, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijelerine +19...+24 gradusdan +24... +29 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +31... +33 gradus maýyldan +36... +41 gradusa çenli yssy bolar.

Lebap welaýatynda hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +36... +41 gradusa çenli yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howanyň gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +30... +35 gradusdan +35… +40 gradusa çenli yssy bolar.

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Tomsuň yssysynda açyk meýdanlara gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Yssy howada gyzyp gelip, sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, aşa sowuk içgileri içmek maslahat berilmeýär. Gazlandyrylan içgilerden, agyr, ýagly naharlary iýmekden saklanyň! Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk atynyň ýa-da saýawan göteriň!