Ï Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Italiýa simfoniýasy» atly konsert berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Italiýa simfoniýasy» atly konsert berdi

view-icon 3514
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Italiýa simfoniýasy» atly konsert berdi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Simfoniki saz muşdaklary üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Italiýa simfoniýasy» atly konsert berdi.

Italiýanyň medeniýeti bilen diňe bir italiýaly kompozitorlar gyzyklanmandyr, muňa nemes kompozitory Mendelsonyň «4-nji italýan simfoniýasy» atly eseri bilen açylan konsert hem şaýatlyk edýär. Ol meşhur «Toý marşy» eserini döreden kompozitordyr.

Mendelson Italiýanyň temasyny dört bölekde hödürledi, olaryň her biri diňleýjilerde dartgynly duýgylary döretdi. Simfoniýa halk tans äheňleri bilen jemlenýär.

Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň Italiýa sapary kompozitoryň «Italýan kapriççio» pýesasyny döretmegine itergi berdi. Kompozitor açyk asman astyndaky muzeýe kybap ýurtdan we italýan halkynyň hyjuwly-joşgunly häsiýetinden ylham alýar. Onuň tolgundyryjy täsirleri «Italýan kapriççiosynda» öz beýanyny tapýar. Tomaşaçylar bu esere gowy baha berdiler. Konsert döredijiligi italýan operasynyň pajarlap ösmegi bilen baglanyşykly bolan italýan kompozitory Rossininiň eserleri bilen tamamlandy.

Tomaşaçylar üçin Rossininiň «Ogry alahekek» we «Wilgelm Tell» operalary ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar uzak wagt el çarpyşmalar bilen kompozitoryň eserleriniň owaz baýlygyna ýokary baha berdiler. Soňra orkestr Pýotr Iliç Çaýkowskiniň «Guw köli» baletinden bir bölek ýerine ýetirdi.

– Biz siziň bilen az wagtlyk hoşlaşýarys, nusgawy saz agşamlarymyz sentýabr aýynda dowam etdiriler. Häzirlikçe bolsa, güneşli türkmen tomsunda gowy dynç alyş arzuw edýäris – diýip, orkestriň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory Resul Gylyjow tomaşaçylara ýüzlendi.