Ï Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi

view-icon 4092
Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň gün tertibine BMG-niň Baş Sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine garamak, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl» atly kararnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak ýaly meseleler girizildi.

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda BMG-niň Baş Sekretarynyň bu saparynyň aýratyn uly ähmiýetini nygtamak bilen, mejlise gatnaşyjylar saparyň netijeleriniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa täze itergi bermäge, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

Bellenilişi ýaly, 78-nji mejlisiniň 63-nji umumy ýygnagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylyň 21-nji martynda halkara bileleşiginde parahatçylyk dialogy medeniýetini ilerletmek boýunça işjeňligi dowam etdirmegiň ähmiýetini görkezýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl» diýip yglan etmek hakynda kararnama bir agyzdan kabul edildi.

Mejlisiň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl» atly kararnamasy bilelikdäki hereketler üçin esas hökmünde kabul edilip, ýüze çykýan ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullar hem serişdeler arkaly çözmäge, döwletleriň arasynda ynanyşmak esasly gatnaşyklary pugtalandyrmaga niýetlenendigi aýratyn nygtaldy.