Ï Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-NIŇ ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-NIŇ ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

view-icon 3095
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-NIŇ ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

ÝUNISEF-niň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Jalpa Ratnany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Nygtalyşy ýaly, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2024 — 2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Bu bolsa ÝUNISEF bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň güwäsidir.

Häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Şu ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen ýyllyk iş meýilnamalarynyň 10-syna gol çekildi. Bu resminamalar, hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak, olaryň iýmitlenmegi, irki ösüşi, durmuş goraglylygy we inklýuziw bilim almagy babatda hyzmatdaşlygy öz içine alýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda çagalary goramagyň hukuk binýadynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy. Söhbetdeşler bilelikdäki işiň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, çagalara immunizasiýa etmek üçin sanjym serişdelerinidir enjamlary satyn almak babatda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini aýratyn nygtadylar.

Çagalar hakda alada, sagdyn we giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek biziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatymyzyň baş maksatlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Çagalara we ýetginjeklere hossarlyk etmegiň, olary aýratyn üns-alada bilen gurşap almagyň ähmiýeti örän uludyr. Gazna döredilenden bäri saglygy goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç näsag çagalara köp sanly operasiýalar geçirildi. Mundan başga-da, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň hassahanalaryna gaznanyň adyndan “Tiz kömek” awtoulaglary, döwrebap lukmançylyk enjamlary yzygiderli berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ÝUNISEF-niň täze wekili hanym Jalpa Ratna berk jan saglyk we işinde üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hanym Jalpa Ratnany ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hökmünde Size tanyşdyrmak hormatyna eýediris. ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde hanym Jalpa Ratna BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistanda alyp barýan işi üçin umumy jogapkärçilik çekýär. Ol öz üstüne ýüklenen wezipäni milli hyzmatdaşlar bilen ýakyn gatnaşykda ýerine ýetirer.

Biz hanym Jalpa Ratnanyň hünär başarnyklaryny we ýokary şahsy häsiýetlerini özüne ynanylan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirjekdigine ynam bildirýäris. Şeýle hem biz onuň bu wezipä bellenilmeginiň Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasynda çagalary, ýaşlary we zenanlary goldamaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine berk ynanýarys.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ketrin Rassel,

BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory.