Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Wilýam Şekspir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Wilýam Şekspir

view-icon 6521
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Wilýam Şekspir
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu iri desganyň Magtymgulynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini ýüze çykarýar.

Seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri heýkelleri medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ajaýyp şahsyýetleriň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ol ýa-da beýleki şahsyýet barada habarlary, mümkin bolşuna görä, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli, olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz meşhur iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspir barada.

Wilýam Şekspir (William Shakespeare) 1564-nji ýylda Angliýada, Worikşir graflygynda Stratford-Eýwonda dogulýar. Kakasy, Jon Şekspir Stratfordda görnükli adam bolupdyr (käbir maglumatlara görä, ol gaýyş önümleri satypdyr) we şäher öz-özüňi dolandyryş ulgamynda dürli wezipeleri, beýlif (ýer eýeçiligini dolandyryjy) wezipesine çenli eýeläpdir. Ejesi, Katolikleriň gadymy nesli Ardenlerden gelip çykan Worikşirden kiçi ýer eýesi dworýanyň gyzy bolupdyr. Wilýam maşgalada üçünji çaga, onuň iki uly gyz dogany we üç kiçi oglan jigisi bolupdyr.

Şekspiriň ömür-döredijiligini öwrenijiler onuň ilki Stratfordyň sowat mekdebinde bilim alandygyny, soň bolsa patyşa Eduard Altynjynyň mekdebinde bilim almagyny dowam edendigini çaklaýarlar. Ol on sekiz ýaşynda maşgalaly bolýar. Onuň saýlany Enn atly gyz bolupdyr. Ýazyjynyň maşgalasynda üç çaga dünýä inipdir. Şekspiriň pýesalarynda görkezilen deňiz işini bilmegi käbir öwrenijilere onuň haýsydyr bir wagt deňizçi bolandygyny çaklamaga mümkinçilik berdi. Şekspir 20 ýaşynda doglan şäherinden gidip, Londona barýar. Ol ýerde onuň durmuşy aňsat bolmaýar: serişde gazanmak üçin ol teatrda islendik işe razy bolmaga mejbur bolýar.

Soňra oňa kiçi keşpleri ýerine ýetirmegi ynanýarlar. 1603-nji ýylda teatryň sahnasynda onuň pýesalary peýda bolýar we Şekspir «Patyşanyň hyzmatkärleri» atly toparyň eýeleriniň birine öwrülýär. Wilýam Şekspiriň durmuş hal-ýagdaýy gowulanyp başlaýar.

Ýazyjynyň ilkinji kitaby 1594-nji ýylda neşir edildi. Kitap oňa üstünlik, pul we ykrar edilme getirdi. Muňa garamazdan, ýazyjy teatrda işlemegini dowam edipdir.

Şekspiriň edebi döredijiligini şertli dört döwre bölmek bolýar. Ilkinji tapgyrda ol komediýalary we poemalary döredýär. Şu döwürde ol «Iki weronaly», «Ketjaly boýun egdirme», «Ýalňyşlyklar komediýasy» ýaly eserleri ýazdy. Soňra söýgi eserleri: «Tomus gijesindäki uky», «Wenesiýaly söwdagär» peýda bolýar. Hut şu ýyllarda Şekspir «Gamlet», «Otello», «Patyşa Lir» pýesalaryny döredýär. Ussat ýazyjynyň soňky eserleri sazlaşykly bogun hem-de ajaýyp şahyrana çeperçilik bilen tapawutlanýar. «Antoniý we Kleopatra», «Koriolan» eserleri şahyrana sungatyň beýikligi bolup durýar.

Beýik nusgawy döredijiniň zehini we genisi jedelsizdir. Meşhur şahyr T.S.Eliotyň aýdyşy ýaly: «Şekspiriň pýesalary hemişe döwrebap bolar».

1616-njy ýylyň aprelinde Wilýam Şekspir Stratfordde aradan çykýar. Dramaturg ozal dini mukaddeslige gol beren ýeri bolan Mukaddes Troisa (Holy Trinity Church) buthanasynda jaýlandy.

Şekspir ýaşap ýören döwri onuň eserleri jemlenilmedi. Poemalar, sonetleriň ýygyndylary aýry-aýry çap edilipdir.

Wilýam Şekspir beýik iňlis dramaturgy, dünýäniň iň gowy dramaturglarynyň biri hasaplanylýar. Onuň pýesalary hemme esasy dillere terjime edildi we häzire çenli dünýäniň teatr sahnalarynyň eserleriniň esasyny emele getirýär. Olaryň köpüsi ençeme gezek kino düşürildi.

Wilýam Şekspiriň eserleri geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan başlap terjime edildi hem-de türkmen teatrlarynyň sahnasynda ýerine ýetirilýär.