Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 1907

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Zambiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Ýurdumyzyň Hökümetiniň biziň döwletlerimiziň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, iki ýurduň bähbitlerine dürli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz toplumy, oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size mundan beýläk-de berk jan saglyk we Siziň ýurduňyza rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Hakainde HIÇILEMA,

Zambiýa Respublikasynyň 

Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Gurban baýramy mynasybetli Siziň iberen gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Size we Türkmenistanyň doganlyk halkyna mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Gurban baýramy abadançylygyň we Gudraty Güýçli Allatagaladan haýyr-sahawat dilemegiň baýramydyr. Biz parahatçylyk, ylalaşyklylyk, raýdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Asif Ali ZARDARI,

Pakistan Yslam Respublikasynyň 

Prezidenti.