Ï Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

view-icon 2543

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň ähli halkyna Belgiýanyň milli baýramy — Patyşanyň kasam kabul eden güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filippe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.