Ï Toýun küýzeleriň syry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Toýun küýzeleriň syry

view-icon 3654
Toýun küýzeleriň syry

Daşoguz welaýatynda dürli ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan gymmatlyklar bu ýerde gadym döwürlerde ýerleşen şäherdir ilatly ýerleriň ýokary derejede ykdysady ösüşiniň bolandygyny aýdyň görkezýär.

Bilermenleriň ýakynda tapan toýun küýzeleri we humlary, toýun suw geçirijileriniň galyndylary, gadymy bezegiň bişen toýun elementleri-de dürli senediň, şol sanda keramikanyň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. Tapyndylaryň arasynda kän bir zaýalanmadyk jykyr küýzeleri-de bar, olaryň gelip çykyşlarynyň taryhy barada dürli çaklamalar bar. Olaryň bir bölegi häzirki Köneürgenjiň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylypdyr.

Gadymy Horezmiň suwarymly ekerançylygy-da ulanan, ösen oba hojalygynyň bolandygy bellidir. Munuň üçin zerur bolan desgalaryň biri-de jykyr bolupdyr. Käbir hünärmenler Horezmde jykyr bilen ekin suwarmagyň baryp-ha b.e. V-VI asyrlarynda ýüze çykandygy we belent ýerlere suw tutmak üçin, işjeň ulanylandygy barada çaklama aýdýarlar. Şäherde jykyr küýzesini, ýagny diňe bir Horezmde däl, eýsem, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky dünýäniň beýleki künjeklerinde-de isleg bildirilen önümi öndürýän ussahananyň bolandygy gaty ähtimal.

«Gadymy Gürgençde köşgüň çäkleri, şol sanda kerwensaraýlaryň we myhman jaýlarynyň çäkleri-de bagy-bossanlary bilen meşhur bolupdyr» diýen esasly pikir bar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, akylly-başly oýlanyp gurlan suwaryş ulgamynyň bolmagyny talap edipdir. Onda näme üçin biz «jykyr şäher baglaryny we seýilgählerini suwarmak üçin-de ulanypdyr» diýip çaklamaly däl?

«Aslynda, iňňän gadym wagtlarda Orta Aziýada ýüze çykan keramika küresiniň we toýun bişirme desgasynyň gadymy Gürgenjiň uly şäher hökmünde ösmeginde orny uly bolupdyr» diýip oýlanýarsyň. Bu senediň ýüze çykan ilkinji döwürlerinde ýerli küýzegärler, esasan, dürli gap-gaç ýasama bilen meşgul bolan bolsalar, dura-bara toýundan başga işler üçin niýetlenen önümleri, mysal üçin suw tokurtgasyny, binalaryň içini we daşyny bezemek üçin binagärlik elementlerini, jaýyň içiniň toýun bezeglerini ýasamagy-da özleşdiripdirler.

Gürgençdäki ýadygärlik desgalarynyň köpüsiniň gurluşygy we dikeltme işleri dürli binagärlik bezeg elementlerini, şol sanda bişen toýundan ýasalan örtgüleri-de köp mukdarda öndürmek zerurlygyny ýüze çykarypdyr. Keramikanyň ösmegi netijesinde orta asyrlarda binalaryň ýerli horezm binagärlik bezegi, onuň bezeginiň özboluşlylygy giden bir geografik giňişlikde giňden tanalyp başlanýar, şol döwrüň binagärlik ýadygärlikleri bolsa häzire çenli özleriniň gaýtalanmajak timary bilen haýran galdyrýar.