Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 2685

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň doganlyk halkynyň abadançylygy ugrunda edýän tagallalaryňyz we ýadawsyz zähmetiňiz hakyky watansöýüjiligiň, Watana yhlasly hyzmat etmegiň aýdyň nusgasydyr. Ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hut özüňiziň berýän ünsüňizi aýratyn bellemek isleýärin” diýlip, Milli Liderimiziň hatynda bellenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin goňşy döwletiň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, öz gadyrly dogany Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.