Ï Magtymgulynyň şygyrlary ýaş nesilleriň zybanynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymgulynyň şygyrlary ýaş nesilleriň zybanynda

view-icon 3488
Magtymgulynyň şygyrlary ýaş nesilleriň zybanynda

Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň işgärleri ýaş nesli Magtymgulynyň şygyrlary bilen tanyşdyrmak hem ösüp barýan nesliň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak maksady bilen, «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Ýaş nesiller we döredijilik dünýäsi» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Çagalara goşgularyň mysalynda Magtymgulynyň şygyr mirasynyň milli we umumadamzat ähmiýeti barada gürrüň berdiler, ýaş nesli dogruçyllyk, halallyk, edermenlik we adyllyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýetini açyp görkezdiler.

Öz gezeginde, çagalar aýdym aýtdylar we öz düzen goşgularyny okadylar. Çagalar üçin guralan göçme kitaphana olarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Mundan başga-da, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň kitaphana işgärleri «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan okuwçylar bilen nusgawy şahyryň döredijiligi barada gürrüň geçirdiler.

«Altyn zamanada, ajap döwürde wysal boldy Pyragynyň arzuwy» atly çärede türkmen halkynyň bütin ömrüni Watana we halka hyzmat etmäge bagyşlan beýik oglunyň döredijilik mirasynyň köptaraplylygy barada aýdyldy. Şahyryň türkmen halkynyň birligi we onuň Garaşsyz gülläp ösýän döwleti baradaky arzuwlary biziň döwrümizde hakykata öwrüldi, onuň öçmejek şygryýeti bolsa şu günki gün hem türkmen halkynyň kalbynda ýaşaýar we dünýäniň köp halklarynyň dillerinde ýaňlanýar.