Ï «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde guralan gyzykly çäre
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýaşlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde guralan gyzykly çäre

view-icon 2543
«Ýaşlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde guralan gyzykly çäre

29-njy iýulda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş – dynç alyş merkezinde çaga hukuklary babatynda maglumatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäre geçirildi.

Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-iň ýurt boýunça wekiliýeti tarapyndan guralan bu çäräniň maksady çagalara öz hukuklary barada düşünjeliligini artdyrmak boldy. Günüň maksatnamasyna bilim berýän oýunlar, çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa laýyklykda, çagalara öz hukuklaryny öwretmäge ugrukdyrylan bäsleşikler we interaktiw tanyşdyryşlar girdi. Çagalar çaga hukuklary we howanyň üýtgemegi baradaky filmlere tomaşa etdiler, toparda işlemek bilen, gözleg oýnuna gatnaşdylar. Çäräni Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri alyp bardylar.

Çäräniň çäginde çagalar ÝUNISEF-iň ýurt boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça täze Maksatnamasy baradaky pikirlerini paýlaşdylar. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň belleýşi ýaly, çagalar bilen işleşmek ýurtda çaga hukuklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz täsirini ýetirýär.