Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Onore de Balzak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Onore de Balzak

view-icon 5007
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Onore de Balzak
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň belent ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini ýüze çykarýar.

Seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri heýkelleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ajaýyp şahsyýetleriň ömri hem-de döredijiligi bilen, mümkinçiligine görä, tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ol ýa-da beýleki şahsyýet barada habarlary, mümkin bolşuna görä, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli, olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz meşhur fransuz ýazyjysy, Ýewropa edebiýatynda realizmi esaslandyryjylaryň biri Onore de Balzak barada.

Onore de Balzak Parižden 240 kilometrlikde ýerleşen kiçiräk Tur şäherçesinde daýhan maşgalasynda doguldy. Orta asyrlarda Tur öňdebaryjy şäherleriň biri bolupdyr, 15-nji asyrda bolsa hatda döwletiň paýtagty derejesine eýe bolupdyr. Balzak ilkinji bilimini Wandom kollejinde alypdyr, soňra bolsa Parižiň hukuk mekdebinde okapdyr. Emma, ol hukukçylyk işinden ýüz öwrüp, özüni edebiýata bagyşlapdyr.

Çagalyk ýyllaryndan Onore okamaga höwes edipdir, ony Russonyň, Monteskýonyň hem-de beýleki fransuz döredijilik işgärleriniň eserleri özüne çekipdir. Balzagyň ýazyjy hökmünde kemala gelmegine Walter Skottyň taryhy romanlary aýratyn täsir edipdir. 

Döredijilik taýdan ösen döwürlerinde Balzak ýatmak üçin bary-ýogy birnäçe sagat sarp edipdir. Onuň ýazyjylyk işindäki ilkinji bäş-alty ýylda döreden eserlerinde Fransiýanyň döwrebap durmuşynyň köptaraply ugurlary: oba, welaýat, Pariž, durmuş taýdan dürli toparlar – söwdagärler, baýlar, ruhanylar, maşgalalar beýan edilipdir. Çen bilen şol döwürlerde onuň meşhur eserleri – «Gorio kaka», «Gobsek», «Otuz ýaşly zenan» peýda bolýar.

Balzagyň döredijiligi Ýewropada uly meşhurlykdan peýdalanypdyr, ol ýaşap ýörkä-de ony 19-njy asyryň beýik ýazyjylarynyň biri diýen derejä eýe edýär. Onuň kitaplary aýry-aýry neşirler hökmünde çap edilipdir. Onuň eserleri Çarlz Dikkens, Fýodor Dostoýewskiý, Emil Zolýa, Wilýam Folkner ýaly uly ýazyjylaryň döredijiligine hem täsirini ýetiripdir.

Fransuz ýazyjysy, romançy, dramaturg, edebi tankytçy, žurnalist we neşirýatçy Onore de Balzak 1850-nji ýylda, 52 ýaşynyň içinde aradan çykypdyr. Ol Parižde, Per-Laşez gonamçylygynda jaýlanypdyr. Balzagyň ömri we döredijiligi barada çeper filmler we teleseriallar düşürildi. Ýazyjynyň döredijiligine bagyşlanan birnäçe muzeýler bar. Seýilgähler we köçeler onuň adyny göterýär. 1845-nji ýylda ýazyjy Hormatly legion ordeni bilen sylaglanypdyr.