Ï GDA-nyň baş edarasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA-nyň baş edarasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy

view-icon 4329
GDA-nyň baş edarasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy

GDA agza döwletleriň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň 30-njy iýulda Minskide geçirilen Arkalaşygyň ýanyndaky kanuny we beýleki guramalarynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara baglanşygy – häzirki zaman parahatçylygyň we ösüşiň esasydyr» halkara forumyň konsepsiýasy barada habar bilen çykyş etdi.

Forumy ýurtlaryň ençemesiniň we abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň wekili ýurtda diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda Gündogaryň nusgawy akyldar şahyrynyň ýubileýine bagyşlanan uly möçberli dabaralaryň we köp sanly çäreleriň bellenilendigini aýtdy. Magtymguly Pyraga bagyşlanan ýylyň jemleýji çäreleriniň biri hem Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň forumy bolar.

Magtymguly Pyragynyň watanperwerlige we agzybirlige çagyrýan ählumumy ynsanperwer we ahlak gymmatlyklaryny wagyz edýän döredijiligi häzirki zaman dünýäsinde hem möhüm ähmiýete eýedir, ol medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we häzirki zaman usullary arkaly milli edebi mirasyň iň gowy mysallaryny ýaýmaga ýardam edýär. Geljekki forum ählumumy derejede parahatçylyga we ösüşe ýardam edýän, dünýä bileleşiginiň agzalalygyny ýeňip geçmäge, ony howpsuz we nurana geljegiň hatyrasyna birleşmäge niýetlenen medeni gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtamaga niýetlenendir.