Ï Ýurdumyzda Halkara döwlet gözegçiler güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda Halkara döwlet gözegçiler güni bellenildi

view-icon 2851
Ýurdumyzda Halkara döwlet gözegçiler güni bellenildi

Her ýylyň 31-nji iýulynda Halkara döwlet gözegçiler güni bellenilýär. Olar tebigaty goramakda we biodürlüligi gorap saklamakda möhüm orun eýeleýärler.

Bu sene mynasybetli Gidrometeorologiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk guraldy. Bu çärä her döwlet goraghanasyndan aýratyn tapawutlanan gözegçiler we Balkan welaýatynyň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň işgärleri çagyryldy.

Olaryň dykgatyna daşky gurşaw kanunçylygynyň bozulmagyna garşy göreşýän iň täze gözleg tehnologiýalaryny hödürlediler. Hususan-da, GPS tehnologiýalaryny ulanmak arkaly daşky gurşawy goramak çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän SMART ulgamy bilen (giňişlikdäki gözegçilik we hasabat guraly) tanyşdylar.

«Tegelek stoluň» netijeleri boýunça ýokary görkezijiler bilen tapawutlanan döwlet gözegçilerine ministrligiň we «Conservation X Labs» Merkezi Aziýa maksatnamasynyň işgärleriniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de gözegçilik işlerinde ulanylýan esbaplar gowşuryldy.

Halkara döwlet gözegçiler güni 2007-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär.