Türkmenistanda BMGÖM bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän «Adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini berkitmek» taslamasynyň çäklerinde Daşoguz we Balkan welaýatlarynda ýerleşýän adam hukuklary boýunça merkezlerinde adam hukuklary milli guramalarynyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşyklaryna, şeýle hem BMG-niň Pariž ýörelgelerine laýyklykda Adalatçynyň hukuk ygtyýarlygyna bagyşlanan maslahatlar geçirildi.
Çärelere harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn, ýerli dolandyryş edaralarynyň, aklawçylar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň welaýat Geňeşleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatlar adam hukuklaryny üpjün etmek bilen baglanyşykly döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmagy maksat edindi.
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy we BMGÖM-niň ýurt edarasynyň işgäri Laçyn Artykowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adam hukuklaryny goramak we ilerletmek babatda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty, bu syýasaty durmuşa geçirmekde Adalatçynyň diwanynyň hem-de bu ulgamyň meselelerini çözmekde halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada çykyş etdiler.
Soňra Adalatçynyň diwanynyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary, BMG-niň Pariž ýörelgeleri, adam hukuklaryny höweslendirmek we goramak bilen baglanyşykly milli edaralaryň derejesine, şeýle hem BMGÖM-niň Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň diwany bilen hyzmatdaşlygyna, Adalatçynyň 2023-nji ýyldaky işleriniň netijeleri baradaky hasabaty we 2022-nji ýylda Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiligine baha bermegiň netijelerine esaslanýan ATF teklipleriniň ýerine ýetirilişi degişli hukuk esaslaryna we amaly taraplaryna bagyşlanan çykyşlar boldy.
Daşoguz we Balkan welaýatlarynda geçirilen çäreler oňa gatnaşyjylara adam hukuklary we olaryň durmuşa geçiriliş ýörelgeleri, şeýle hem Adalatçynyň diwanynyň garaşsyz adam hukuklary guramasy hökmünde alyp barýan işleri barada düşünjesini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýurduň beýleki welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde hem şeýle maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar.