Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Du Fu
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Du Fu

view-icon 3831
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Du Fu
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» atly medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz hytaý edebiýatynyň nusgawy şahyry Du Fu barada.

Du Fu Hytaýyň iň uly şahyrlarynyň biri hem-de Tan neberesi döwürleriniň nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Onuň ikinji ady Szymeý. Du Fu örän köp şygryýet mirasyny görnüşi we mazmuny boýunça köpdürli bolan dörtlemelerden başlap, poemalara çenli goşgularynyň 1400-e golaýyny miras galdyrypdyr. Tan neberesi köp sanly şahyrlary dünýä bagyş etdi we Hytaý edebiýatynyň özboluşly «altyn asyryna» öwrüldi. 1708-nji ýylda Imperator Kansi Tan eýýamynyň şygyrlarynyň doly ýygyndysyny çap etmegi buýurdy. Köp jiltli eser elli müňe golaý goşgulary özünde jemledi, emma, şol döwürde dürli derejeli zehini bolan iki müňden gowrak şahyrlaryň arasynda Du Fu hem-de onuň dosty Li Bo aýratyn tapawutlanýardy.

Du Funyň ýaşan we döreden döwri Hytaý edebiýatynyň Galkynyş döwri hökmünde bellidir. Du Funyň ömri baradaky belli maglumatlaryň köp bölegi onuň şygyrlaryndan alyndy. Depginli taryhy özgerişliklere garamazdan şahyryň gelip çykan gadymy döwre degişli abraýly maşgalasynda ahlak gymmatlyklar saklanypdyr we artdyrylypdyr, bu bolsa Du Funyň kalbyna ruhy başlangyçlaryň mizemez dabaralanýandygyna bolan egsilmez ynamy guýupdyr.

Ýaş wagty ol Hytaýyň dürli künjeklerine köp syýahat edipdir. Du Fu Imperatora ýakyn bolupdyr we hatda onuň geňeşçisi-de bolupdyr. 731-nji ýyldan 741-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ýurduň dürli sebitleri boýunça amala aşyrylan saparlaryň ikisi durmuş tejribesini baýlaşdyrdy hem-de milli buýsanç duýgusyny berkitdi. Soňra Du Funy Li Bo bilen uzak wagtlyk hem-de mähirli dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrdy. Olary bütin hytaý şygryýetiniň iki sany beýik ussady hökmünde köplenç bilelikde ýatlaýarlar.

746-njy ýylda Du Fu Çanan paýtagtynda ýerleşýär we gulluk etmäge synanyşýar. Şol döwürde ýowuz synaglar watançylyk duýgularyny baýlaşdyrýar, şahyry sada halk bilen ýakynlaşdyrýar. Onuň şol döwürdäki goşgulary çuňňur dogruçyllygy hem-de ynsanperwerligi, täsirliligi we tolgundyryjylygy, keşpleriň güýji we hereketliligi bilen haýran galdyrdy. Şahyryň şygyrlary weýran bolan şäherler we obalar baradaky gussa, duşmana bolan ýigrenje, ýeňlişler sebäpli hasrata hem-de ýeňişleriň şatlygyna ýugruldy.

Şahyr hemişe watandaşlaryna gowy, bagtyýar durmuşy, parahatçylyk, döredijilikli zähmet barada arzuw edýärdi. Şahyrana keşpler dogruçyl, durmuşy, döredijilikli. Hytaýyň dürli welaýatlarynyň tebigatynyň gözelligini gaýtadan döretmek sungatynda mähriban topragyna bolan söýgüsi ýüze çykdy. Ömrüniň soňky ýyllarynda Du Fu köp gezmek bilen geçiripdir, agyr hassa bolupdyr, garrylyk hakda ýazypdyr, ýöne, jemgyýetçilik meselelerine seslenmegini dowam edipdir.765-nji ýylda şahyr maşgalasy bilen günorta ülkelere, Ýanszynyň aşaky künjeklerine göçüp gelipdir. Ol Ýanszy boýunça nobatdaky syýahatynyň dowamynda aradan çykypdyr.

Du Funyň hormatyna Merkuridäki krateri onuň ady bilen atlandyrylypdyr.