Ï Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – terbiýäniň gözbaşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – terbiýäniň gözbaşy

view-icon 3321
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – terbiýäniň gözbaşy

Mary welaýat kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň we welaýat kitaphanasynyň guran duşuşygyna guramanyň işjeňleri hem-de kitaphananyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler Gündogaryň görnükli akyldary, türkmen halkynyň beýik oglunyň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilmeginiň türkmen halkynyň ýüreginde Watanyň şöhratly geçmişine we Magtymguly Pyragynyň öçmejek eserlerinde arzuwlan bagtyýar häzirki durmuşyna buýsanç döredýändigini aýtdylar. Olar, şeýle hem beýik nusgawy şahyryň döredijiliginiň halkyň köpgyraňly medeni mirasynyň gymmatly bölegidigini, dünýäde ony öwrenmäge we ýaýmaga uly ähmiýet berilýändigini bellediler.

Duşuşykda Magtymguly Pyragynyň şahyrana we paýhas dünýäsi barada gürrüň edenlerinde onuň halkyň gylyk-häsiýetine, ahlak gymmatlyklaryna we milli medeniýetiň ähli ugurlaryna täsirini nygtap, şahyryň eserleriniň ýurdumyzyň ýaş nesli üçin ummasyz terbiýeçilik ähmiýetini bellediler.