Ï Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas we döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas we döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

view-icon 4963
Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas we döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini öwrenmek, dünýäde wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra bagyşlap ýazan goşgusy bilen adybir atlandyrylan şu ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýär. Bu şygaryň many-mazmuny ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende götermekden, ýaşlaryň mynasyp terbiýelenmegine ýardam etmekden, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda birnäçe iri çäreleri geçirmek göz öňünde tutuldy. Geçen ýarym ýylda ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar, döredijilik we wagyz-nesihat çäreleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifingler, metbugat maslahatlary, sergiler, okuw, ylmy-amaly maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň günortasynda Magtymgulynyň ýadygärliginiň we “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Gündogaryň beýik şahyrynyň ýubileýi mynasybetli dürli çäreleriň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de geçirilýändigini bellemek gerek. Halkynyň parahat durmuşda ýaşamagyny arzuw eden dana Pyragy nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şygyrlaryny miras galdyrypdyr. Onuň goşgularynda beýan edilýän we watansöýüjilige, ynsanperwerlige, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Hut şu ýörelgeler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirip, türkmen diplomatiýasynyň dowamatlylygynyň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Şoňa görä, dostlukly ýurtlar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň geçirilmegine goşant goşup, olara işjeň gatnaşýarlar.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky, Azerbaýjan Respublikasyndaky, Ukrainadaky, Özbegistan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Koreýa Respublikasyndaky, Gruziýadaky, Russiýa Federasiýasyndaky, Ermenistandaky, Rumyniýadaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Eýran Yslam Respublikasyndaky, Ýaponiýadaky, Awstriýa Respublikasyndaky, Fransiýadaky, Birleşen Arap Emirliklerindäki, Beýik Britaniýadaky, Owganystandaky, Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanalary we konsullyk edaralary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna, beýik akyldaryň ýubileý senesine bagyşlanan halkara ylmy maslahatlary, ýokary okuw mekdeplerinde umumy sapaklary, mowzuklaýyn duşuşyklary, brifingleri, “tegelek stol” maslahatlaryny, kino görkezilişlerini, sergileri, konsertleri geçirdi. Hususan-da, 5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan halkara ylmy maslahatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilmeginiň Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nyşanydygy nygtaldy.

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynda geçirilen duşuşyk Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Baku şäherinde surata düşürilen «Hakyň guly — Magtymguly» atly dokumental filmiň görkezilmegi bilen tamamlandy.

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygaryna bagyşlanyp, «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar diňe bir türkmen edebiýatyny däl, eýsem, dünýä edebiýatyny hem belende göteren ajaýyp söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan çäreleriň onuň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine goşant goşjakdygyny aýratyn bellediler. Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda dabaraly çäre geçirildi. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy, şeýle hem türkmen we ukrain dillerinde Magtymgulynyň goşgulary okaldy, olaryň esasynda döredilen aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Çärä gatnaşyjylara şahyryň durmuş ýoly barada gürrüň berýän «Magtymguly» atly film görkezildi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan dabaraly ýagdaýda Kiýewdäki Magtymguly adyndaky muzeýe Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan iberilen türkmen milli medeni mirasynyň gymmatlyklary we dürli dillerdäki kitaplar gowşuryldy.

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky hem-de Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanalarynda mowzuklaýyn brifingler geçirildi. Olara gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen döredijilik mirasynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň häzirki wagtda dünýäde giňden meşhurdygy, onuň ajaýyp goşgularynyň dünýäniň onlarça diline, şol sanda rumyn diline-de terjime edilendigi nygtaldy.

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Moskwa şäherinde türkmen nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bilen baglanyşykly ýylyň şygaryna bagyşlanan «tegelek stol» maslahatyny gurady. Onda Magtymgulynyň häzirki güne çenli ahlaklylygyň we watançylygyň çeşmesi, ýaş nesli terbiýelemekde deňi-taýy bolmadyk bilim mekdebi bolup durýan eserleriniň ähmiýeti barada aýratyn bellenildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň täze taryhy döwürde gazananlary barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi, şeýle hem Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Magtymguly Pyragynyň watançylyk mazmunly goşgulary okaldy.

3-nji fewralda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygaryna bagyşlanyp geçirilen duşuşykda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň adamzady jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan edebi mirasynyň dünýä edebiýatynda we medeniýetinde eýeleýän uly ornuna üns çekildi.

8-nji fewralda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Sankt-Peterburg şäherinde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli duşuşyk gurady. Onda ýakyn wagtda geçiriljek möhüm halkara çäreleriň hatarynda Sankt-Peterburgda Magtymgulynyň ýadygärliginiň açylmagynyň, Moskwa, Kazan, Astrahan, Woronež we beýleki şäherlerde halkara ylmy maslahatlaryň, «tegelek stol» duşuşyklarynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi bellenildi.

13-14-nji fewralda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine, şeýle hem akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi geçirildi. Ol Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ermenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde guraldy.

15 — 25-nji fewralda Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramagynda Rumyniýanyň Milli kitaphanasynda «Magtymguly Pyragy — türkmen danasy, dünýäniň akyldary we şahyry» ady bilen geçirilen halkara maslahatyň hem-de serginiň dowamynda Rumyniýanyň Milli telewideniýesi tarapyndan türkmen şahyrynyň ömür we döredijilik ýoly, Watanymyzyň gazanan üstünlikleri barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem talyplar beýik nusgawy şahyryň goşgularyny dürli dillerde okadylar.

20-nji fewralda Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň talyplary üçin “Magtymgulynyň filosofik mirasy Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasydyr” atly okuw sapagynda şahyryň goşgularynda jebislige, dost-doganlyga, milli däp-dessurlara, ruhy gymmatlyklara hormat goýmaga, ynsanperwer, watansöýüji, adalatly bolmaga çagyrylýandygy bellenildi.

23-nji fewralda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki konsullygynda şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygaryna we şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Beýik akyldaryň 300 ýyllyk ýubileýini baýram etmegiň çäklerinde 26-njy fewralda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berýän, internet neşirine göni baglanyşygy özünde jemleýän QR-kodly banner Milletler Köşgünde ýerleşdirildi.

4-nji martda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy Magtymguly adyndaky kitaphana (Kiýew şäherinde 1969-njy ýylda esaslandyrylan) bilen bilelikde, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen ýörite çäre gurady. Kiýewiň orta we çagalar sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarydyr mugallymlary, aýdym-saz toparlary Magtymgulynyň, Mollanepesiň sözlerine aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler hem-de türkmen, ukrain dillerinde goşgulary okadylar.

11-nji martda Ýerewan döwlet uniwersitetinde halkara ylmy-usuly maslahat we çeper okaýyşlar, 12-nji martda bolsa bu ýokary okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan umumy sapak geçirildi.

12-nji we 16-njy martda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty bilen hyzmatdaşlykda Tähran şäherinde beýik akyldar şahyryň doglan güni mynasybetli dabaraly çäre hem-de sergi gurady.

13-nji martda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Wenanyň diplomatik akademiýasynda “Magtymguly Pyragynyň mirasy we Ýewropada türkmen medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Magtymgulynyň 300 ýyllyk ýubileýini halkara derejede dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň başlangyjy boýunça 15-nji martda Sukuba uniwersitetinde we Higaşiosaka orta mekdebinde bilim ugurly çäreleriň toplumy hem-de sergi ýaýbaňlandyryldy.

19-njy martda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Milletler Köşgünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre gurady. Onuň çäklerinde, şahyryň durmuş ýoly baradaky wideoşekiller görkezildi, milli amaly-haşam sungatynyň sergisi boldy.

Magtymgulynyň üç asyrlyk ýubileý senesi mynasybetli 20-nji martda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Singapuryň dolandyryşy ösdürmek institutynyň talyplary üçin umumy sapak guraldy.

20-nji martda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Pekin şäherinde 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmeniň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy.

21-nji martda “Russiýanyň Ýazyjylar birleşigi” bütinrussiýa jemgyýetçilik guramasynyň Lipesk oblast guramasy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy bilen bilelikde, Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde, sanly ulgam arkaly “Magtymguly Pyragynyň rus edebiýatyna täsiri” atly halkara ylmy maslahat guraldy. Şol gün Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy Mezon-Laffit şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik çäresini geçirdi.

Şahyryň ýubileýini baýram etmegiň çäklerinde, şu ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy ýurdumyzyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Waşington şäherinde medeni-sport çärelerini — edebiýat agşamyny, sergileri, poçta markasynyň tanyşdyrylyş dabarasyny, küşt we futbol ýaryşlaryny, köpçülikleýin welosipedli ýörişi gurady.

Ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň guramagynda Rumyniýada, Ermenistanda, Beýik Britaniýada, Pakistan Yslam Respublikasynda, Saud Arabystany Patyşalygynda, Gruziýada, Birleşen Arap Emirliklerinde, Russiýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Gazagystanda, Fransiýada we Hindistanda sport çäreleri geçirildi.

Maý — iýun aýlarynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, Türkmenistanyň Türkiýedäki, Ukrainadaky ilçihanalary şahyryň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny gurady. Hususan-da, dabaraly çäreler Türkiýäniň Ýozgat şäherindäki “Çopanoglu” merkezi seýilgähinde, Ankaradaky “Türkmenistan” seýilgähinde hem-de Kiýewde ýaýbaňlandyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda, Ukrainada we beýleki ýurtlarda, şol sanda Russiýanyň Stawropol ülkesiniň Blagodarnensk raýonyndaky türkmenleriň ýaşaýan Edelbaý obasynda, Astrahanda, Kiýewde, Özbegistanyň Daşkent we Hywa şäherlerinde türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň hormatyna ýadygärlikler bina edildi. 4-nji iýulda bolsa Magtymguly Pyragynyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy.

13-14-nji iýulda Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsullygy tarapyndan beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri, türkmen milli tagamlaryny taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasynyň Magtymgulynyň öz döwründe öňe süren pikirleri we eden arzuwlary bilen sazlaşýandygyny bellemek möhümdir. Onuň arzuwlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler netijesinde myrat tapýar.

Şeýlelikde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyryna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň maksady beýik söz ussadynyň şan-şöhratyny belende götermekden, dünýä jemgyýetçiligini Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen has giňden tanyşdyrmakdan, onuň zehininiň çuňlugyny düşündirmekden, ynsanperwer hyzmatdaşlygy, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi dünýäde parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy dabaralandyrmagyň möhüm şertidir.