Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda her ýyl geçirilýän duşuşyklarynyň indi däbe öwrüldendigini we tejribäniň görkezişi ýaly, hemişe möhüm we derwaýysdygyny belledi.
Bu mejlisleriň dowamynda netijeli, açyk, ynanyşykly dialog alnyp barylýar, bu bolsa pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine has gowy düşünmäge we bu esasda anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, ýokary derejedäki duşuşyklaryň bu formatyny guramak başlangyjyny öňe süren Türkmenistan bu duşuşyklaryň diňe maslahat beriş häsiýete eýe bolmalydygyndan, berk düzgünleşdiriji kadalardan we amallardan azat syýasy gatnaşyk üçin meýdança bolmalydygyndan ugur alýar. Şeýle çemeleşme hyzmatdaşlygymyzyň barşy barada has giňişleýin we dürs düşünje almaga, teklipleri we düzedişleri girizmäge, pikirleri beýan etmäge mümkinçilik berýär.
«Konsultatiw duşuşyklaryň ilki başdaky mazmuny bu maksady saklanyp galmaly diýip hasaplaýaryn. Biziň pikirimizçe, olaryň çäklerinde haýsydyr bir köptaraplaýyn düzümleriň döredilmegi maksadalaýyk däldir. Biz birek-birege örän oňat düşünýäris, biziň her bir duşuşygymyz aýdyň mazmunly jemleýji resminama bilen tamamlanýar we resminama esasynda biz iş alyp barýarys. Syýasy nukdaýnazardan, şeýle hem iş nukdaýnazaryndan, bu formatyň çäklerinde goşmaça düzümleri döretmegiň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Konsultatiw duşuşyklara diňe Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagy biziň pikirimizçe, bu duşuşyklaryň beýleki möhüm bölegi bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, biziň bäştaraplaýyn syýasy dialogymyzyň sebit meselelerine degişlidigi bilen şertlendirilendir.