Ï Döwlet kitaphanasynda täze kitaplara syn berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet kitaphanasynda täze kitaplara syn berildi

view-icon 2857
Döwlet kitaphanasynda täze kitaplara syn berildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda täze gelen kitaplara yzygiderli syn berlip durulýar. Şu ýyl bu kitaplaryň aglaba bölegi Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanypdyr.

Hyzmat ediş bölümi soňky synlaryň birinde okyjylary iki sany täze kitap – A.Baltaýewiň «Arkadag hem Pyragy –köňüller şamçyragy» we А.Eýeberenowyň «Syrly setirleriň çözgütleri» kitaplary bilen tanyşdyrdy. Kitaphana işgärleri bu kitaplaryň dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetlere bolan çuňňur sylag-hormatymyza şaýatlyk edýändigini nygtamak bilen, okyjylara täze neşirleriň mazmuny we awtorlary barada gürrüň berdiler.

Täze kitaplarda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeperçiligi we filosofik çuňlugy, şeýle hem onuň döredijilik mirasynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň işleriniň ýaş nesli milli däpler hem gymmatlyklar ruhunda terbiýelemekdäki ägirt uly ähmiýeti açylyp görkezilýär.