Ï Çagalyk döwrümiziň tagamyny berýän türkmen miwe şerbetleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalyk döwrümiziň tagamyny berýän türkmen miwe şerbetleri

view-icon 2542
Çagalyk döwrümiziň tagamyny berýän türkmen miwe şerbetleri

Tomus möwsüminde sowuk içgilere bolan isleg birnäçe esse artýar. Köp görnüşli ýürek sowadyjy dürli şireleriň arasynda miwe şerbetleriniň orny aýrybaşgadyr.

Çagalyk döwrümiziň tagamyny berýän bu hoşboý içginiň birnäçe artykmaçlygy bar: ol bedenimiziň umumy ýagdaýyny gowulandyrmak bilen onuň kesele garşy durmak ukybyny güýçlendirýär.

Bagbançylyk, üzümçilik we ýyladyşhana hojalygy ugrundan ýöriteleşýän türkmen kärhanalary ýyldan-ýyla dürli miwelerden alynýan hasyly artdyrýarlar, bu bolsa hasylyň gaýtadan işlenýän möçberiniň artmagyna we ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ýokary hilli gaplama önümleriniň tabşyrylmagyna ýardam edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýän miwe şerbetleriniň görnüşleri ep-esli artdy.

Söwda nokatlarynda behi, ýertudana, ülje, armyt, alma şerbetleri satylýar. «Bakjam» haryt nyşany bilen çykýan miwe şerbetleriniň hatarynda garaly, erik, ülje, şeýle hem dürli miwelerden taýýarlanan peýdaly içgiler bar. Miwe şerbetleri «Miwe merkezi», «Garaja», «Aýly sähra» haryt nyşany bilen aýna çüýşelerde çykarmak ýola goýuldy.

Sagdyn iýmite we organik önümlere bolan höwesiň artmagy bilen, telekeçileriň köpüsi gant, konserwant we emeli reňklendirijiler goşulmadyk miwe şerbetleri teklip etmäge başlaýarlar. Kletçatka baý miwelerden taýýarlanýan pes kaloriýaly miwe şerbetleri iýmit siňdiriş agzalarynyň işini gowulandyrmaga we aşgazan-içege ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär.

Miwe şerbedi diňe bir teşneligiňi gandyrmak we yssy günlerde bedeniňdäki suw deňagramlylygyny saklamaga kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş organizmi witaminlerdir minerallar bilen baýlaşdyrýar.