Ï Türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2271
Türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ankarada saparda bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň DIM-niň Baştutany Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatdaky hyzmatdaşlygy berkitmäge özara ygrarlylygy bellemek bilen, taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depginine çuňňur kanagatlanma bildirdiler.

Şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşyldy.