Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Mihai Eminesku
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Mihai Eminesku

view-icon 2907
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Mihai Eminesku
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz rumyn edebiýatynyň nusgawy şahyry Mihai Eminesku barada 

Mihai Eminesku 1850-nji ýylda Rumyniýanyň Botoşany şäherinde köp çagaly maşgalada dünýä inýär. Mihai Emineskuny Bukowina şäherindäki dolandyryş merkezine gimnaziýa okamaga iberýärler. Şol ýerde okuwlar nemes dilinde alnyp barlypdyr. Mihai Eminesku gimnaziýada okuwyny tamamlansoň Wena şäherine okuwa gidip, şol ýerde uniwersitetde filologiýany, filosofiýany we hukuk ylymlaryny öwrenýär.

1872–1874-nji ýyllarda ol «Imperator we proletar» hem-de «Perişde we şeýtan» şygyrlaryny ýazypdyr. 1872-nji ýylyň güýzünde şahyr Germaniýanyň Berlin şäherine göçüp gelip, Berlin uniwersitetiniň ýanynda umumy okuwlaryň tapgyrlaryny diňleýär. Şol döwürde onuň döredijiliginde söýgi temasy esasy orun eýeleýärdi. Ony Ýewropada soňky romantik şahyr diýip atlandyrýarlar. Emineskunyň filosoflar Kantyň we Konfusiniň işlerinden eden terjimeleri saklanyp galypdyr.

Eminesku biraz wagt orta mekdepde mugallym, kitaphanaçy we mekdep direktory bolup işleýär. 1877-nji ýylda Eminesku özüniň beýik eserini «Luçafer» poemasyny ýazyp tamamlaýar. Ol bu eseriniň üstünde sekiz ýyldan gowrak işläpdir.

1883-nji ýylda onuň şygyrlarynyň ilkinji kitaby çapdan çykýar. Şondan soň, Emineskunyň ady meşhur bolýar.

1889-njy ýylda 39 ýaşly rumyn şahyry Mihai Eminesku ýürek keseli sebäpli aradan çykýar. Mihai Eminesku rumyn edebiýaty üçin diňe bir ajaýyp milli şahyr bolmakdan, has uly derejeli bolupdy we şeýle bolmagyna galýar. Ol rumyn dilindäki tutuş häzirki zaman edebiýatynyň esasyny goýujy we ilkibaşky gözbaş bolup durýar.

Häzirki wagt diňe bir Rumyniýada däl, eýsem, beýleki ýurtlarda-da şahyryň ýadygärlikleri bar, köçeler onuň ady bilen atlandyrylýar, onuň doglan gününde we aradan çykan gününde aýratyn dabaralar geçirilýär, Mihai Emineskunyň döredijiligi boýunça hünärmenleriň köpsanly edebi-tankydy işleriniň neşir edilmegi dowam edýär we elbetde, onuň şygyrlary köp dillere terjime edilýär.

Merkuridäki krater Emineskunyň hormatyna atlandyryldy.