Ï Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – öwüt-ündew hazynasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – öwüt-ündew hazynasy

view-icon 5341
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – öwüt-ündew hazynasy

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hem-de Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda hem-de döredijilik, medeniýet, bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahat çuňňur many-mazmuna eýe boldy.

Maslahatyň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri, döredijilik dünýäsi, beýik söz ussadynyň ajaýyp şygyrlarynyň häzirki wagtda ýaş nesiller üçin terbiýeçilik ähmiýeti, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eýe bolýan aýratyn röwşi baradaky çykyşlar diňlenildi. Bu ýerde döredijilik işgärleriniň Magtymguly Pyragynyň eserleriniň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti, onuň türkmen halkynyň nusgalyk medeni mirasy bilen sazlaşygy baradaky çykyşlary hem-de akyldar şahyryň belent mertebesine bagyşlap döreden şygyrlary maslahata gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşy alyndy.

Maslahatda beýik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çuňňur mazmunly çäreler, mermer paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, şahyryň ýubileýiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilmegi, umumadamzat ähmiýetli goşgularynyň dünýä derejesinde wagyz edilmegi baradaky çykyşlar hem bu ýere ýygnananlarda aýratyn uly täsirler galdyrdy. Soňra dabara gatnaşyjylaryň beýik akyldaryň döredijiligine, durmuş ýoluna, şahyryň ýaşan döwrüni şöhlelendirýän milli mirasymyza degişli sergide ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşmaklary, şygryýet muşdaklaryny nusgawy şahyryň keremli dünýäsine seýle çykardy.