Ï Awazaly energetikler belent sepgitleri eýeleýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazaly energetikler belent sepgitleri eýeleýärler

view-icon 3366
Awazaly energetikler belent sepgitleri eýeleýärler

Berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, medeni-durmuş ulgamlaryny elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmekde bu gün beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň düzümindäki önümçilik kärhanalarynda gazanylýan okgunly, depginli ösüşler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Günbatar sebitiň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Awaza döwlet elektrik stansiýasynda buýsanç bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda alnyp barylýan işler hem ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tagallasy bilen gurlup, 2010-njy ýylda işe girizilen desgada ýylyň-ýylyna nusgalyk işler bitirilýär. Kärhana diňe Günbatar sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan islegleri kanagatlandyrmakda-da möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýerde şu ýylyň dowamynda 1 milliard 331 million kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürmek maksat edinilýär. Şeýle wezipä abraý bilen hötde gelmek üçinem kuwwatly desgada has-da öndürijilikli zähmet çekilýär.

Häzirki wagtda gürrüňi edilýän elektrik stansiýasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dürli derejeli köp sanly myhmanhanalary, toplumlarydyr desgalary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, medeni-durmuş ähmiýetli binalary, şeýle-de kenarýaka şäherini üznüksiz elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün edýär. Ýeri gelende aýtsak, stansiýa kuwwatly gaz turbinalary hem-de dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen ygtybarly enjamlar bilen birkemsiz enjamlaşdyrylandyr. Işlän mahaly her bir turbinanyň özbaşdak ýagdaýdadygy bu ösen häzirki zaman elektrik stansiýasynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýokary tehnologiki elektron enjamy üçin göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen, bu ýerde emeli ýagdaýdaky mikroklimat kadaly saklanylýar. Şonuň ýaly-da desga halkara hil ülňülerine, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýär.

Bu ýerdäki turbinalaryň saz we bökdençsiz işlemekleri üçin çekilen uzynlygy 14,5 kilometr bolan ýangyç geçirijisi awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy stansiýa birikdirlendir. Açyk paýlaýjy enjam, kuwwatly enjamlar toplumy turbinany «Awazanyň» deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäheriniň hem-de tutuşlygyna alnanda ýurdumyzyň elektrik ulgamlary bilen baglanyşdyrýar. Möhüm desga 3 sany esasy, 15 sany podstansiýany özünde jemleýär. Şeýlelikde, syýahatçylyk zolagyny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edip, energiýa ulgamlarynyň saz işlemegine aýgytly täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň energetika ulgamy barada edýän aladalaryndan ruhlanan awazaly energetikler şu ýylyň geçen döwrüni ýokary üstünliklere beslediler. Has takygy, geçen döwürde 743 million 398 müň kilowat sagat elektrik togy öndürildi. Şol öndürilen elektrik energiýasynyň umumy möçberi-de göz öňünde tutulandakydan 13 million 398 müň kilowat sagat köp bolup, meýilnamanyň 102 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Şonuň ýaly-da önümçiligiň ösüş depginem 120 göterim üstünlikli berjaý edildi.