Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Kurmangazy Sagyrbaýuly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Kurmangazy Sagyrbaýuly

view-icon 3844
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Kurmangazy Sagyrbaýuly
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini ýüze çykarýar.

Seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ajaýyp şahsyýetleriň ömri hem-de döredijiligi bilen mümkinçiligine görä, tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde oturdylan öz döwrüniň akyldarlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ol ýa-da beýleki şahsyýet barada habarlary, mümkin bolşuna görä, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli, olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz gazak halk sazandasy, kompozitory, dombralar üçin pýesalaryň awtory Kurmangazy Sagyrbaýuly barada.

Kurmangazy gazak halk sazandasy, kompozitory, dombraçysy, kýularyň (dombra üçin pýesalar) awtorydyr. Ol gazak saz medeniýetiniň ösüşine uly täsirini ýetirdi. Sazanda 1823-nji ýylda Bukeýewsk ordasynda (häzirki Günbatar Gazagystan oblastynyň Bokeýordinsk raýony) Sagyrbaýulyň pukara maşgalasynda dünýä inýär. Irki çagalyk ýaşyndan başlap, dombrada saz çalmagy öwrenmek bilen meşgullanypdyr. Oglanjykda irki ýaşyndan saza bolan höwesini kakasy oňlamandyr. Ejesi Kurmangazy Alka aýdyň özboluşlylygy hem-de güýçli erki bolan adam hökmünde, tersine, oglunyň saza söýgüsini paýlaşypdyr we ony goldapdyr. Alty ýaşynda örän ýiti mätäçlik sebäpli, Kurmangazyny çopançylyga beripdirler. Kurmangazy mähriban obasynda gelip-geçýän kýuýşileri höwes bilen diňläpdir, olaryň hatarynda Uzak diýen kýuýşi aýratyn tapawutlanypdyr. Ol ýaş Kurmangazynyň saza bolan aýratyn gyzyklanmasyny duýupdyr hem-de oňa uly geljeginiň boljakdygyny öňünden aýdypdyr.

18 ýaşynda Kurmangazy dogduk obasyndan gidýär we sergezdan kýuýşiniň gezende durmuşyna başlaýar. Ol meşhur dombraçylardan tälim alyp, öz ussatlygyny ösdürmegini dowam edýär. Ilkinji kýuýleriniň biri «Kişkentaý» («Körpe») – halk gozgalaňyna bagyşlanypdyr. Sergezdanlygy, göwün synmalary hem-de yzarlamalary başdan geçiren Kurmangazy kýuýşi «Alatau» we «Saryarka» atly kýuýlerini döredýär. Şol saz eserleri halkyň garaşsyzlyk we azatlyk baradaky çuňňur pikirlerini, mähriban topraga bolan söýgini beýan edipdir.

1862-nji ýylda Kurmangazy ahyry ildeşi, beýleki bir beýik kýuýşi Dauletkere bilen duşýar. Zehinli dombraçylaryň ikisi-de biri-birine örän täsir edipdirler. Kurmangazy Dauletkereýiň «Bulbul» (Bilbil) kýuýini öz çykyşlarynyň sanawyna salýar.

Kurmangazynyň döredijiliginiň iň ýokary derejesi «Sary-Arka» kýuýi bolup, ol gazak sährasynyň ümmülmez giňişlikleriniň keşbini janlandyrýan aýdyň özboluşlylyga beslenendir. Kurmangazynyň köp babatda şol döwrüň saz çalynyş tilsimini ösdürýän aýratyn usullaryny onuň şägirtleri we oňa eýerijiler aýawly kabul edip işläpdirler.

1880-nji ýylda Kurmangazy Astrahanyň etegindäki Sahma diýen ýerde ýaşaýar. Tejribeden bilimi ýetik, halk içinde çuňňur hormatlanylýan aksakala öwrülen Kurmangazy ýerine ýetirijilik sungaty boýunça yzyna eýerijileri töweregine jemleýär. Ol 1896-njy ýylda aradan çykypdyr, Altynjar obasynda jaýlanypdyr.

Halk saz gurallary orkestrine, konserwatoriýa, köçelere, Çagalar döredijilik merkezine hem-de dürli şäherlerde we ýurtlarda durmuş-medeni maksatly köp sanly beýleki desgalara onuň ady dakyldy.