Ï Döredijilik duşuşygy Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilik duşuşygy Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanýar

view-icon 3086
Döredijilik duşuşygy Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanýar

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde taýýarlan «Magtymguly Pyragy – türkmeniň ruhy dünýäsiniň çeper keşbi» atly döredijilik duşuşygy bolup geçdi.

Bu çärä tanymal ýazyjylar we şahyrlar, şeýle hem ýaňy döredijilik ýoluna düşen ýaşlar çagyryldy. Türkmeniň ruhy dünýäsiniň Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde çeper şöhlelenmegine bagyşlanan duşuşykda parasatly şahyryň ömri we döredijiligi, türkmen edebiýatynyň we medeniýetiniň taryhyna eden umumy täsiri, Çeper sözüň deňsiz-taýsyz ussadynyň erk eden şygyr düzmegiň inçe syrlary barada gürrüň edildi.

Duşuşyga gatnaşanlar nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öçmejek eserleriniň asyrlar boýy adamlar üçin ahlak çelgisi bolup hyzmat edendigini, onuň filosofik we ynsanperwer garaýyşlarynyň tutuş adamzat üçin gymmatlydygyny buýsanç bilen bellediler.

Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Türkmenistanyň medeni syýasatynyň halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga, ýaşlary milli we dünýä medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga, medeni miras dünýäsinde ylmy gözleglere we şygryýetiň giňden ýaýran wagzyna gönükdirilendigini, bu işde Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň aýratyn orny eýeleýändigini bellediler.