Ï ÝUNISEF «Kids Expo» çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝUNISEF «Kids Expo» çagyrýar

view-icon 2153
ÝUNISEF «Kids Expo» çagyrýar

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu çärä çagalar we olaryň ene-atalary bilen interaktiw ýagdaýda gatnaşygy ýola goýmak üçin ajaýyp pursat hökmünde garamak bilen «Kids Expo» sergisine gatnaşýar.

Türkmenistandaky ÝUNISEF pawilýonyna gelenler gyzykly oýunlara gatnaşyp, peýdaly maglumatlary alyp we ýöne wagtlaryny hoş geçirip bilerler. «Kids Expo»-nyň ilkinji güni maşgalalara çagalar üçin harytlary, hyzmatlary we çeşmeleri öwrenmek mümkinçiligini hödürlemek bilen, şatlykdyr täze bilimler we oýunlardan doldy.

– Biz çagalar bilen baglanyşykly ähli zadyň bir bölegi bolmaga uly ylham bilen çemeleşýäris. «Kids Expo» bize maşgalalar bilen işleşmek, maglumat alyşmak we Türkmenistanda çagalar üçin täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ajaýyp ýerlik berýär – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea aýtdy.

ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda: «Biziň bilen oýnamaga, öwrenmäge we şatlanmaga geliň, sebäbi biz her çaganyň röwşen geljegi ugrunda bilelikde iş alyp barýarys!» diýilýär.