Ï «Kämilligiň gözbaşy» – önüm bolçulygynyň binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kämilligiň gözbaşy» – önüm bolçulygynyň binýady

view-icon 3305
«Kämilligiň gözbaşy» – önüm bolçulygynyň binýady

Milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk toplumyny, onuň köpugurly gaýtadan işleýän senagatyny, hususy hojalyk ulgamyny ösdürmekde bu gün maksadalaýyk işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösen tehnologiýalara, kämil tilsimatlara, innowasion usullara daýanýan telekeçilik ulgamynda görnükli netijeler gazanylýar.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän «Kämilligiň gözbaşy» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumynyň gazanýan önümçilik görkezijileri hem onuň okgunly, depginli ösüşlerine doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hojalyk jemgyýetiniň agzalarynyň ýadawsyz zähmetleri netijesinde bu ýerde belent sepgitlere ýetilýär. Has takygy, döwletimiziň döredip berýän döwrebap şertleridir mümkinçiliklerinden ruhlanan agzybir zähmet topary gara mallaryň baş sanyny artdyrmak, maldarçylyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda has-da tagallaly zähmet çekýärler.

Netijede ýöriteleşdirilen maldarçylyk toplumynda et ugurly tohum mallaryň baş sanyny köpeltmekde, olardan alynýan azyk önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmakda uly üstünlikler gazanylýar. Şu mahal bu ýerde idedilýän gara mallaryň sany 450-ä golaý bolup, olaryň 90 töweregi sagylýan sygyrlardyr. Gündelik alynýan bir tonnadan gowrak süýt hem täzeligi bilen içerki sarp edijilere ýetirilip durulýar.

«Kämilligiň gözbaşy» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumynyň Garagum derýasynyň boýunda 500 gektar ekin ýeri bar. Häzirki wagtda agrotehniki talaplara laýyk ösdürilip ýetişdirilen 100 gektar ýerden ýorunjanyň, 200 gektar meýdandan mekgejöwen hasyly gündelik ýyglyp, terligi bilen mallara berilýär. Munuň özi, mallaryň semizlik derejesini gowy saklamaga, önümiň özüne düşýän gymmatyny aşaklatmaga, ýol çykdajysyny azaltmaga, wagty tygşytlamaga, şeýle-de alynýan süýdüň möçberini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik döredýär.

Sygyr etini öndürmeklige niýetlenen bu döwrebap toplum ýakyn geljekde önümçilik kuwwatlygyna laýyklykda, gara mallaryň birbada üç müňüsiniň idegini ýetirmegi meýilleşdirýär. Şu ýylyň geçen döwründe hem sygyrlardan ýaş göleleriň 70-e golaýy alyndy. Bu bolsa bu ýerde gara mallaryň sanynyň geljek ýyllarda göz öňünde tutulýan sepgide ýetjekdiklerine bolan ynamy has-da pugtalandyrýar.