Ï Teatr möwsümi «Pähimdar» spektaklynyň ilkinji görkezilişi bilen açylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teatr möwsümi «Pähimdar» spektaklynyň ilkinji görkezilişi bilen açylar

view-icon 3041
Teatr möwsümi «Pähimdar» spektaklynyň ilkinji görkezilişi bilen açylar

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry teatr möwsümini bir aktýoryň ýerine ýetirýän «Pähimdar» atly sahna oýny bilen açmaklyga taýýarlanýar.

Bu eser beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmen teatrlarynyň sahnalarynda goýlan durmuş ýoly hakyndaky ilkinji monospektakldyr. Magtymguly Pyragynyň ykbaly, türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň ykbaly bilen berk baglanyşyklydyr. Şahyr adamlary dawa-jenjelsiz, adalatly dünýä, ýagty geljege çagyrýar.

Pähimdaryň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Döwletmyrat Hanmämmedow ýerine ýetirýär, onuň sypaýylygy we daşky görnüşi akyldar şahyryň keşbine doly laýyk gelýär. Bu eseriň edebi ýazgysy Gadam Kakabaýewiňki we oýny sahnalaşdyran Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewdir.