Ï «Kids Expo» sergisiniň meýdançasynda çagalar modasynyň haýrana goýmagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kids Expo» sergisiniň meýdançasynda çagalar modasynyň haýrana goýmagy

view-icon 2367
«Kids Expo» sergisiniň meýdançasynda çagalar modasynyň haýrana goýmagy

«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň uly meýdançasynda aýratyn möhüm ähmiýet berilýän döwrebap çagalar lybaslarynyň görkezilişi boldy.

Çagalaryň häzirkizaman egin-eşikleri açyk reňkleri, özboluşly ýazgylary hem-de döwrebap bezegleri bilen täsir galdyrýar. Sergide dürli görnüşli lybaslar görkezildi, olarda milli däpler we şu ýylyň ýoň bolan ugurlary sazlaşykly utgaşdyrylypdyr.

«Goç Ýigit» nyşanly milli öwüşginlere baý, oglanlar üçin niýetlenen moda egin-eşikleriniň toplumy tomaşaçylary haýran galdyrdy.

«Oguzlar» diýen toplumyň adynyň özi türkmen halkynyň taryhy köklere atarýar. Ýaş ýigitleriň egin-eşikleri milli nagyşlar ulanylyp, tikinler bilen bezelipdir. Penjekler we donlar, alajalar hem-de metal görnüşli şaýlar çekilip bezelipdir. Bu bolsa her lybasa aýratyn milli öwüşgin çaýýar.

«Mildi Dress» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilleri öz görkezişlerini körpejeleriň özboluşly täsir galdyryjy tansy bilen açdylar. «Jadyly perişdeler» atly toplumda körpeje gyzjagazlara niýetlenen ajaýyp köýnekler hem-de ýeňsiz eşikler bar. Ýumşak we ýeňil matalardan taýýarlanylan dürli öwüşginli köýnekler her bir körpeje gyzjagazyň arzuwydyr.

Aşgabadyň «Miras» modalar öýi oglanjyklar we gyzjagazlar üçin lybaslaryň özboluşly toplumyny görkezdi. Körpejeler üçin reňk öwüşginleri boýunça sazlaşýan jübütleýin lybaslar köp çagaly ene-atalarda uly seslenme döretdi. Mundan başga-da, meýdançada dynç alyş we sport üçin niýetlenilen çagalar egin-eşikleri görkezildi.

Görkezilen toplumlardaky birnäçe egin-eşikleri «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň meýdançasynda satyn alyp bolýar. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň esasy dokma kärhanalarynda öndürilen mekdep egin-eşikleri, «Röwşen kids» nyşanly ýokary hilli aýakgaplar, «Däp» nyşanly ýaşlara niýetlenen döwrebap egin-eşikleri satylýar.

Sergi öz işini 22-nji awgustda tamamlar. Şoňa görä-de, ýatdan çykmajak bu waka gatnaşmaga hem-de mekdep harytlaryny edinmäge howlugyň!