Ï «Balkan» zawodynyň hünärmenleri derejelerini ýokarlandyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Balkan» zawodynyň işgärleri hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar

view-icon 2349
«Balkan» zawodynyň işgärleri hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň edara binasynda hünärmenler üçin amaly okuw meýilnamasynyň tamamlanmagyna we olara degişli şahadatnamalaryň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi.

Dabara koreý kompaniýasynyň başlygy Çoý Ýoň Uk we «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň baş müdiri R.Jepbarow gatnaşdylar. Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň on alty sany ýokary hünärli inženeri iki aý töweregi döwürde gämi gurluşyk pudagynda bellenen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň çäginde zawodyň hünärmenleriniň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen depginli okuw geçirdiler. Okuw döwründe çuňňur nazary bilim we amaly endiklerini görkezip, aýratyn tapawutlanan hünärmenler hormat hatlary bilen sylaglandy, şeýle hem olara sowgatlar gowşuryldy.

Günorta Koreýa kompaniýasynyň ýolbaşçysy zehinli ýaş gämi gurluşykçylaryna tüýs ýürekden guwanç we olaryň ýagty geljegine ynam bildirdi. «Balkan» zawodynyň hünärmenlerine Koreýanyň gämi gurluşyk tehnologiýalaryny öwretmek «Balkan» zawody bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» arasynda gol çekilen iki sany gury ýük gämisini bilelikde gurmak şertnamasynda göz öňünde tutulypdyr.