Ï Kiýewde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okalyşy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kiýewde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okalyşy geçirildi

view-icon 2804
Kiýewde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okalyşy geçirildi

2024-nji ýylyň awgust aýynda Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okalyşy geçirildi. Çärä häzirki zaman ukrain alymlary we şahyryň goşgularynyň terjimeçileri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Şahyryň goşgularynyň Kiýew şäheriniň merkezi seýilgähindäki Magtymgulynyň heýkeliniň ýanynda we Türkmenistanyň Ilçihanasynyň gözel ýerlerinde türkmen we ukrain dillerinde çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi.

Türkmenistana bagyşlanan, türkmen halkynyň gahrymançylykly geçmişi we abadan geljegi barada ýazylan «Türkmeniň» goşgusy türkmen talyp ýaşlary tarapyndan Magtymgulynyň heýkeliniň ýanynda okaldy.

Şahyryň batyrlyga, dogruçyllyga, maksadaokgunlylyga, zähmetsöýerlige, ululara hormat goýmaga we milletiň agzybirligine çagyrýan goşgulary talyp ýaşlar tarapyndan çeper okaldy.