Ï Möhüm möwsüme guramaçylykly taýýarlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Möhüm möwsüme guramaçylykly taýýarlyk

view-icon 2606
Möhüm möwsüme guramaçylykly taýýarlyk

Ýurdumyzyň esasy milli baýlyklarynyň biri – pagtanyň bol hasylyny kemala getirmekde baý iş tejribesini toplan Lebap welaýatynyň pagtaçy-kärendeçileri şu oba hojalyk ýylynda hem gowaçanyň bitginli hasylyny kemala getirdiler.

Häzirki wagtda boýy ýetik gowaçaly meýdanlarda pagtalaryň köpçülikleýin açylyp başlamagy bolsa, daýhan yhlasynyň ýerine düşendiginiň subutnamasydyr. 130 müň gektar ýere gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almaklygy meýilleşdirýän Gündogar sebitiň zähmetsöýer daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň örän jogapkärli möwsümine – pagta ýygymyna hem taýýarlyk işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.

Häzirki wagtda welaýatyň etraplarynda bar bolan pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 44-si, şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalaryň 11-si pagta ýygymy möwsümine doly taýýar edildi. Harmanhanalaryň ählisinde bar bolan elektron terezileri döwlet standartlary gullugynyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirildi. Bu bolsa, kabul edilýän pagta hasylyny takyk we bökdençsiz ölçemeklige mümkinçilik berer. Şonuň bilen birlikde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşigi we olara degişli etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalary tarapyndan ýokary öndürijilikli, kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlar tehniki taýdan gözden geçirlip, möwsüme taýýar edildi. Şeýle hem ýygym döwründe ýygnalan pagta hasylyny pagta kabul ediş harmanhanalaryna we pagta arassalaýjy kärhanalara daşamak üçin tehnikalar – awtoulaglar, traktorlar we olaryň tirkegleri hasaba alnyp, möwsümde doly güýjünde işlärler.

Welaýatda häzirki wagtda degişli hünärmenleriň hem-de welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri tarapyndan ýygym möwsüminde tehniki hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça kombaýnlaryň, pagta hasylyny daşaýan tehnikalaryň hem-de harmanhanalaryň ýangyn serişdeleri bilen üpjünçiligini gözden geçirmek, bu ýerlerde wagyz-nesihat işlerini geçirmek dowam etdirilýär we möwsümiň dowamynda bu ugur boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Jogapkärli möwsümiň öň ýanynda welaýatda alnyp barylýan guramaçylyk işleri Gündogar sebitiň pagtaçy daýhanlarynyň ýetişdirilen bol pagta hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap, bellenilen sepgide ýetjekdiklerine bolan ynamy berkidýär.