Ï Moskwada «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsert boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwada «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsert boldy

view-icon 2627
Moskwada «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsert boldy

21-nji awgustda «Dostlary üýşürýäris» atly XVIII halkara aýdym-saz festiwalynyň çäginde P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda türkmen edebiýatynyň düýbüni tutan nusgawy şahyr we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsert uly dabara bilen geçdi.

Konserti Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy, Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» festiwalynyň müdiri M.Guseýnow we Moskwa döwlet konserwatoriýasy gurady. Konsert başlanmazyndan ozal, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz taryhy bölüminiň uly mugallymy L.Babaýewa «Magtymgulynyň mirasy we häzirki zaman aýdym-saz sungaty» tema bilen çykyş etdi.

Gutlag hatynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.M.Aýdogdyýew: «Şu günki konsert, hakykatdanam, Magtymguly Pyragynyň adyny Russiýada gurşap alan ägirt uly hormatyň we ykraryň, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky aýrylmaz dostluk gatnaşyklarynyň we birek-birege sylag-hormatyň subutnamasy, medeniýetleriň, şol sanda saz sungatynyň-da özara baýlaşmagynyň ägirt uly taryhy gatlaklarynyň bardygynyň subutnamasy boldy.

Şu ýyl Russiýa Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belleýär. Moskwa, Sankt-Peterburg, Astrahan, Kazan Russiýanyň topragynda bolup geçýän we dowam etjek dabaralaryň geografiýasynyň doly däl sanawydyr. Türkmenistanda muňa ýokary baha berýärler we hemişe ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni, ynsanperwer we bilim hyzmatdaşlygynyň strategik döwletara hyzmatdaşlygynyň mäkäm köprüsidigini unutmaýarlar» diýip nygtady.

Konsert maksatnamasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna ýazylan wokal we instrumental eserler, şeýle hem M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýurduň beýleki ýörite aýdym-saz mekdepleriniň sazandalarydyr aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilmeginde beýik nusgawy şahyra bagyşlanan kompozisiýalar bardy. Konsert kompozitor Mamed Guseýnowyň «Magtymguly Pyragynyň monologlary» atly mono operasy bilen tamamlandy.

Konsert zalynyň eýwanynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan surat we kitap sergisi guraldy. Dabaraly çärä Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, tanymal medeni we sungat işgärleri, Russiýada ýaşaýan türkmenler we ýurdumyzyň talyp ýaşlary gatnaşdy.