Ï Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2066
Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar dostlukly we ynamdar syýasy dialoga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berip, ulag, energetika, ekologiýa ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berildi. Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda iki ýurduň we halkyň dost-doganlygynyň nyşanyna öwrüljek Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada jikme-jik pikir alyşdylar.

Bu mekdebiň düýbüni tutmak dabarasynyň geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäginde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda bolup geçendigi bellärliklidir.