Ï Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäre geçirildi

view-icon 3653
Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji awgustynda Astrahan döwlet uniwersitetiniň seýilgähinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Çärä Astrahan oblastynyň daşary gatnaşyklar ministriniň orunbasary Ilýa Tropisin. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) wekilleri, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaranyň çäginde tomaşaçylara Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky döredijilik toparynyň çykyşlary hödürlendi, şeýle hem W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde bilim alýan talyplar tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgulary okaldy.