Ï “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

view-icon 3694
“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek boýunça işlere möhüm ähmiýet berilýär. Ýaş nesillerde medeniýetimize söýgini kemala getirmek, olaryň döredijilik ukybyny höweslendirmek, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik hem munuň aýdyň güwäsidir.

Taryhy ýüzýyllyklara uzaýan dutar çalmak sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Bagşy-sazandalar dutaryň jadylaýjy owazy bilen döredijiligiň özboluşly mekdebini döredipdirler we bu sungaty nesilden-nesle geçiripdirler. Dutarda saz çalmak sungatynyň biziň günlerimize çenli asyl nusgasyny saklap gelmeginde, onuň kämilleşdirilmeginde bagşy-sazandalara uly orun degişlidir.

...Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu döredijilik bäsleşigi milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, zehinli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga, olary goldamaga uly ýardam berýär. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän zehinli dutarçy bagşy-sazandalaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalarynyň şirwan perdelerde ýaňlanýan aýdym-sazlary bilen bagşyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegine uly goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Onuň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ilki bilen, dutarçylaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Ýokary ussatlyk bilen çalnan halk sazlarynda halkymyzyň geçen taryhy ýoly öz beýanyny tapýar. Bagşy-sazandalaryň milli sazlary, halk aýdymlary Diýarymyzyň dürli sebitlerine mahsus ýol-ýörelgeler esasynda ýerine ýetirmekleri bäsleşigiň köpöwüşginli häsiýetli bolmagyna getirdi.

Türkmen halk saz gurallary häzirki wagtda dürli orkestrleriň düzüminde ýaňlanyp, şolaryň hatarynda dutar milli saz medeniýetimizde aýratyn orny eýeleýär. Dutarçy sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dünýäniň dürli halklarynyň sazlary, şol sanda nusgawy sazlar konsert maksatnamasyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar. Häzirki döwürde ýaşlar halypalary bilen dürli bäsleşiklere, döwlet derejesinde geçirilýän konsertlere, baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi kalplarda baky ýaşajak sungaty döreden meşhur türkmen bagşy-sazandalarynyň ýollarynyň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde joşgunly ýaňlanan “Çalsana, bagşy!” aýdymy tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsert maksatnamasynda halkymyzyň saz medeniýetini, onuň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini wasp edýän çykyşlara möhüm orun berildi. Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdym-sazlaryň joşgunly ýaňlanmagy beýik şahyryň şu ýyl ýurdumyzda we dünýäde giňden bellenilýän doglan gününiň 300 ýyllyk senesini has-da dabaralandyrdy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren “Alkyşnama” atly aýdymy halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, milli medeniýetimiziň dünýäde wagyz edilmeginiň hatyrasyna hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere belent buýsanjyň senasy bolup ýaňlandy.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bäsleşigiň aýratyn tolgundyryjy pursatlarynyň birine öwrüldi. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her birine ýörite diplom, altyn zynjyr, şeýle-de “Çalsana, bagşy!” bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri milli bagşyçylyk we dutarda saz çalmak medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde yhlasyny, döredijilik zehinini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaşlaryň goldanylmagy, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda uly tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk beýan edildi.