Ï Eko-kwest, kiçi futbol, körpeleriň arasynda emedeklemek boýunça marafon. «Kids Expo» ýakymly ýatlamalara eýe etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eko-kwest, kiçi futbol, körpeleriň arasynda emedeklemek boýunça marafon. «Kids Expo» ýakymly ýatlamalara eýe etdi

view-icon 2004
Eko-kwest, kiçi futbol, körpeleriň arasynda emedeklemek boýunça marafon. «Kids Expo» ýakymly ýatlamalara eýe etdi

22-nji awgustda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlady. Möçberi boýunça giň gerimli forum, hakykatdan-da, tamamlanyp barýan tomsuň iň ajaýyp wakasyna öwrüldi.

«Kids Expo-2024» ussatlyk-sapaklaryny, okuw maslahatlaryny we ýurdumyzyň okuw merkezleriniň tanyşdyrmalaryny özünde jemleýän bilim çäreleri bilen birlikde, çagalar üçin hakyky baýramçylygy görkezdi. Olar bu ýerde wagtlaryny şadyýan geçirip, guramaçylar tarapyndan hödürlenilen dürli işjeň häsiýetli çärelerde öz ukyplaryny barlap bildiler.

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň geçiren ekologik çäresi oglanjyklara we gyzjagazlara ekologiýanyň esaslaryny öwrenmäge hem-de tebigat baradaky bilimlerini görkezmäge mümkinçilik berdi. Ekologiýa ugurly hemme kiçiräk ýumuşlaryň hötdesinden gelip, bu çärä gatnaşyjylar baýraklar – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Çagalar gaznasy tarapyndan okuw esbaplary bilen sylaglandylar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň diwarlygy sporty söýüji ýaşlaryň ünsüni çekdi. Bu ýerde körpeje türgenler stol üstündäki we kiçi futbolda güýçlerini synadylar, fijital-futbol boýunça höwesjeň göreşde güýç synanyşyp, şeýle hem ýadygärlik sowgatlary utup bildiler.

Körpejeleriň arasynda emedeklemek boýunça marafon «Kids Expo»-nyň iň ýatda galyjy we şowhunly wakalarynyň birine öwrüldi, oňa 9 aýdan 12 aýa çenli ýaşdaky çagajyklaryň 40-dan gowragy gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşan körpejeleriň janypkeşje hereketleri olaryň iň işjeňleriniň üstünligi bilen tamamlandy. Ene-atalar we tomaşaçylar öz balalarynyň üstünligini guwanç bilen goldadylar. Ahyrky netijede ýeňijileriň üçlügi kesgitlenip, olara mynasyp bolan sowgatlar gowşuryldy.

Animatorly hem-de multfilmleriň meşhur gahrymanlary bolan bölüm çagalaryň arasynda aýratyn meşhurlykdan peýdalandy. Döredijiler üçin sungat giňişligi ýaýbaňlandyrylyp, şol ýerde her kim ajaýyp dünýä öz gatnaşygyny goşup hem-de öz elleri bilen keramiki önümleri ýa-da çeper suratlary döredip bildi. Ýaşajyk zehinler küşt ýaryşlarynda-da bäsleşdiler, tehnologiýalary halaýanlar bolsa robototehnikasy ulgamynda peýdaly tejribe aldylar.

Dört günlük çäräniň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «Türkmen Expo» kompaniýasy sergä gatnaşyjylaryň ählisine şahadatnamalary we diplomlary gowşurdylar. Guramaçylar şeýle çäräni geljek ýyl hem geçirmegi maksat edinýärler.