Ï Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

view-icon 2043
Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda az wagtlaýyn ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa Türkmenistanda howanyň ortaça temperaturasy +38 gradusa deň bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +18... +20 gradusdan +22... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +33 gradusdan +36... +38 gradus aralygynda yssy bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +16... +21 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradusdan +34... +39 gradus aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30... +35 gradus yssy bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +15... +20 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradusdan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +14... +19 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradusdan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +14... +19 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradusdan +31… +36 gradus aralygynda yssy bolar.