Ï Dana şahyryň döredijiligi – halkyň ruhy mirasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dana şahyryň döredijiligi – halkyň ruhy mirasy

view-icon 3779
Dana şahyryň döredijiligi – halkyň ruhy mirasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň mejlisler zalynda ýazyjylaryň, şahyrlaryň, dilçi alymlaryň, žurnalistleriň, aktýorlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda kitaphana işgärleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga «Milli goşun» žurnalynyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň wekilleri we Döwlet muzeýiniň işgärleri gatnaşdylar.

Onda çykyş eden myhmanlar beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň köptaraply baý mirasyny bellediler. Onuň ynsanperwerlige, dogruçyllyga, dogduk topragyna we halkyna yhlasyna ýugrulan eserleri tutuş adamzat üçin uly ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň ýaş nesle watanperwerlik terbiýesini bermekde we sazlaşykly ösen şahsyýeti terbiýelemekde belli bahasy ýokdur.

Duşuşyga gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wideoşekillere tomaşa etdiler, ol bu çärä şahyrana äheň berdi.