Ï Türkmenistanda Mawrikiý Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Mawrikiý Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

view-icon 2596
Türkmenistanda Mawrikiý Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Mawrikiý Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, ýurdumyzyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň durmuşa geçirilmegi, oňyn başlangyçlaryň öňe sürülmegi esasynda ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Mawrikiý Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Janke dostlukly gatnaşyklary, netijeli döwletara dialogy ösdürmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Heswar Jankeni Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Heswar Jankeniň şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan ähli aýtjak sözlerine, hususan-da, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pritwirajsing Ropun,
Mawrikiý Respublikasynyň Prezidenti.