Ï Türkmen artistleri «Hazar möwsümleri» nusgawy sungat festiwalynda çykyş etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen artistleri «Hazar möwsümleri» nusgawy sungat festiwalynda çykyş etdiler

view-icon 1912
Türkmen artistleri «Hazar möwsümleri»  nusgawy sungat festiwalynda çykyş etdiler

Halkara «Hazar möwsümleri» nusgawy sungat festiwalynyň çäklerinde 24-nji awgustda «Türkmenistanyň güni» konserti geçirildi.

Astrahan filarmoniýasynyň sahnasynda dünýä we milli nusgawy kompozitorlarynyň eserleri, şeýle hem Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň ýerine ýetirmeginde meşhur aýdymlar ýaňlandy. Aýdymça görnükli pianinoçy, milli we halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Aşyr Aşyrow, şeýle hem «Kamerata Aşgabat» kamera ansambly sazandarlyk etdiler.

Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsullygynyň wekilleri, şäher dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary, kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, festiwala gatnaşyjylar, şeýle hem astrahanlylaryň ençemesi gatnaşdylar.

17-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda dowam edýän «Hazar möwsümleri» festiwalynyň dördünji neşiri Hazarýaka döwletleriň simfoniki orkestriniň we opera ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda uly gala-konsert bilen açyldy, olaryň arasynda dünýäniň iň abraýly konsert meýdançalarynda çykyş edýän türkmenistanly tenor Döwlet Nurgeldiýew we tanymal türkmen aýdymçysy Aýna Seýitgulyýewa hem bar. Festiwalyň çägi 2024-nji ýylda hasam giňedi – oňa Hazarýaka ýurtlaryndan başga-da, Belarusdan we Özbegistandan artistler gatnaşýarlar.

«Hazar möwsümleri-2024» festiwalynyň maksatnamasynda konsertler, Hazarýaka döwletleriniň günleri, Hazarýaka döwletleriniň belli aýdymçylarynyň, sazandalarynyň we balet artistleriniň gatnaşmagynda açyk sapaklar we «Russiýa – Hazar sebiti» fotosuratlar sergisini guramak göz öňünde tutulan.